Bap 10
Ysraýyl bir golly-pudakly üzüm agajydy, bol-bol bar getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.
2 Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, Dikme daşlaryny syndyrjak.
3 Olar aýdarlar: «Bizde patyşa ýok, Rebden gorkmaýarys. Patyşa bolsa-da, bize näme edip bilerdi?»
4 Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler. Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly, sürlen meýdanda birden peýda bolýar.
5 Samarýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.
6 Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.
7 Samarýa öz patyşasy bilen suwuň ýüzündäki çybyk ýaly akyp gider.
8 Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki sežde edilýän ýerler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglaryna: «Bizi örtüň!» Baýyrlaryna: «Biziň depämize iniň!» diýerler.
9 «Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?
10 Men islän wagtymda olara temmi bererin. Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda, milletler olaryň garşysyna birleşerler.
11 Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar.»
12 Özüňiz üçin dogrulyk ekip, wepaly söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe ýüzlenmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.
13 Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.
14 Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.
15 Eý, Beýtel, pisligiňiziň köpdügi üçin, size hem şeýle ediler. Daň atanda ysraýyl patyşasy bütinleý heläk bolar.