Bap 13
Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.
2 Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar hünärli ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.
3 Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.
4 «Men Reb – seniň Hudaýyňdym. Seni Müsür topragyndan çykaran mahalymdan, Men Reb – seniň Hudaýyňdym. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!
5 Çölde, gurak toprakda saňa göz-gulak bolan Mendirin.
6 Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.
7 Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn. Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda, bukuda garaşaryn.
8 Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.
9 Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?
10 Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?
11 Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim. Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.
12 Efraýymyň etmişleri baglandy. Günäleri saklanyp goýuldy.
13 Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.
14 Men Ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, Ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.
15 Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýysy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».