Bap 3
Reb maňa şeýle diýdi: «Menden ýüz öwrüp, başga hudaýlara öwrülen, olaryň kişmişli külçelerine göwün beren Ysraýyl halkyny söýşüm ýaly, sen ýene-de baryp, başgany söýýän azgyn aýaly söý».
2 Men aýaly on bäş kümüş teňňä, we on bäş batman arpa satyn aldym.
3 Men aýala şeýle diýdim: «Sen maňa uzak garaşmaly, sen başga bilen azgynçylyk etme. Men hem saňa ýakynlaşmaryn». 4–5 Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Soňky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.