Galatýalylara haty

1 2 3 4 5 6


Bap 1

Adamlar tarapyndan we adamzat arkaly däl-de, eýsem, Isa Mesih we Ony ölülerden direlden Ata Hudaý arkaly resul bolan Pawlus
2 we meniň bilen bilelikdäki bütin doganlardan Galatýadaky ýygnaklara salam!
3 Atamyz Hudaý, Rebbimiz Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin.
4 Atamyz hem Hudaýymyzyň islegine görä, bizi häzirki ýaman çagdan gutarjak bolup, Ol Özüni biziň günälerimiz üçin pida etdi.
5 Hudaýa ebedilik şöhrat bolsun! Omyn.
6 Men siziň Mesihiň merhemeti arkaly özüňizi Çagyrany beýle tiz taşlap, başga Hoş Habara öwrülişiňize haýran galýaryn.
7 Dogrudan-da başga Hoş Habar ýok, ýöne sizi bulaşdyrjak, Mesihiň Hoş Habaryny ýoýjak bolýan käbir adamlar bar.
8 Emma biz ýa Gökden inen bir perişde hem size wagyz edenimizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!
9 Öň aýdyşymyz ýaly, ýene-de aýdýaryn: biri size kabul edeniňizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!
10 Indi men adamlaryň razyçylygyny gözleýärinmi ýa Hudaýyň razyçylygyny? Ýa-da adamlara ýaranjak bolýarynmy? Men heniz hem adamlara ýaranýan bolsam, Mesihiň guly bolmadygymdyr.
11 Eý doganlar, meniň wagyz eden Hoş Habarymyň adamdan däldigini size aýdýaryn.
12 Çünki men ony bir adamdan alman, bir adamdan öwrenmän, Isa Mesihiň ylhamy arkaly aldym.
13 Çünki siz meniň ýehudylykda geçen ýaşaýşymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyna çendenaşa azar berip, ony weýran etdim.
14 Atalarymyň däp-dessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň köpüsinden ýehudylykda ozdum.
15 Emma enemiň garnyndakam, meni seçip, Öz merhemeti bilen çagyran Hudaý,
16 milletler arasynda Ony wagyz eder ýaly, Öz Ogluny mende aýan etmäge razy bolanda, men derrew et we gan bilen maslahatlaşman,
17 Iýerusalime menden öň resul bolanlaryň ýanyna gitmän, Arabystana gitdim, soň hem Şama öwrüldim.
18 Üç ýyldan soň Petrus bilen tanyşmak üçin, Iýerusalime baryp, on bäş gün onuň ýanynda boldum.
19 Ýöne Rebbiň dogany Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.
20 Size näme ýazsam, ine Hudaýyň huzurynda ýalan sözlemeýärin.
21 Onsoň Siriýa we Kilikiýa etrabyna gitdim.
22 Emma Ýahudanyň Mesihdäki ýygnaklary meniň özümi tanaman,
23 diňe: «Bize ozallar azar beren adam indi bir wagtlar özüniň weýran eden imanyny wagyz edýär» diýşip,
24 men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrýardylar.