Galatýalylara haty

1 2 3 4 5 6


Bap 5

Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.
2 Ine, men Pawlus size diýýärin, sünnetlenseňiz, Mesihiň size hiç bir peýdasy degmez.
3 Men ýene-de sünnetlenen her bir adamyň Mukaddes Kanuny bütinleý berjaý etmäge borçludygyna güwä geçýärin.
4 Kanun bilen aklanjak bolýan siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.
5 Çünki biz aklanma umydyna iman bilen Ruh arkaly garaşýarys.
6 Çünki Mesih Isada sünnetli ýa sünnetsiz bolmak hiç bir zady başarýan däldir, diňe söýgi bilen işleýän iman ähmiýetlidir.
7 Siz oňat ylgaýardyňyz, hakykata bagly galmagyňyza kim päsgel berdi?
8 Nähili aldawa düşdüňiz? Bu sizi çagyran Hudaý tarapyndan bolan däldir.
9 Bir bölek hamyrmaýa bütin hamyry turşadýandyr.
10 Başga hili oýlanmajagyňyza meniň Rebde ynamym bar. Akylyňyzy çaşyran kim bolsa bolsun, jezasyny çeker.
11 Eý doganlar, men heniz hem sünnetliligi wagyz edýän bolsam, onda näme häzir-de kowalanýaryn? Beýle bolsa, haç böwedi aradan aýrylardy!
12 Sizi biynjalyk edenler özlerini agta etsin!
13 Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň.
14 Çünki bütin kanun şu ýeke sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý!»
15 Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň.
16 Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz.
17 Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr.
18 Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz.
19 Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk,
20 butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar,
21 içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn.
22 Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
23 ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.
24 Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir.
25 Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň.
26 Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň.