Bap 2
Onsoň on dört ýyldan soň, Titusy hem ýanyma alyp, Barnabas bilen ýene Iýerusalime rowana boldum.
2 Men ylham bilen gitdim, biderek ýere ýortmaýyn ýa ýortan bolaýmaýyn diýip, olara, ylaýta-da, at-abraýlylara milletler arasynda wagyz eden Hoş Habarymy beýan etdim.
3 Ýanymdaky Titus hem grekdigine garamazdan, sünnetlenmäge mejbur edilmedi.
4 Bu ýagdaý bizi gul etjek bolup, Mesih Isadaky azatlygymyzy bilmek üçin ogrynça aramyza giren galp doganlar sebäpli ýüze çykdy.
5 Hoş Habaryň hakykaty diňe siziň ýanyňyzda galsyn diýip, biz birsalym hem olara tabyn bolup baş egmedik.
6 Emma at-abraýlylar ― näme-de bolan bolsalar, maňa parhy ýok, çünki Hudaý adamyň daş görnüşine bakmaýar ― bu at-abraýlylar meniň aýdanlaryma hiç bir zat goşmadylar.
7 Gaýtam tersine, Hoş Habary sünnetlilere wagyz etme işiniň Petrusa berlişi ýaly, sünnetsizlere wagyz etme işiniň-de maňa berlenini gördüler.
8 Sebäbi sünnetlilere resullyk etmegi üçin Petrusda işlän Hudaý ýehudy dällere resullyk etmek üçin hem mende işledi.
9 Ýygnagyň diregleri hasaplanan Ýakup, Kifas we Ýahýa maňa berlen merhemeti aňanlarynda, şärikçiligimiz üçin maňa we Barnabasa sag ellerini berdiler. Şeýdibem, biz özge milletler arasyna gitdik, olar hem sünnetlileriň arasyna gitmeli boldular.
10 Olar diňe garyplary ýatlamagymyzy islediler, men hem edil şony etmäge gaýrat edýärdim.
11 Emma Petrus Antakiýa gelende, günäli bolany üçin, men oňa aç-açan garşy çykdym.
12 Çünki Ýakubyň ýanyndan käbir adamlar gelmezden öň, ol özge milletlerden bolanlar bilen nahar iýýärdi, ýöne ol adamlar gelenlerinde, Petrus gorkup, sünnetlilerden çekilip aýryldy.
13 Onuň bilen birlikde beýleki ýehudylar hem ikiýüzlülik etdiler. Barnabas hem olaryň ikiýüzlüligine goşuldy.
14 Men olaryň Hoş Habaryň hakykatyna görä dogry ýol bilen ýöremeýänlerini göremde, hemmeleriň öňünde Petrusa şeýle diýdim: «Sen ýehudy bolup, ýehudy ýaly däl-de, özge milletlerden biri ýaly ýaşaýan bolsaň, onda näme üçin özge milletleri ýehudy bolmaklyga mejbur edýärsiň?»
15 Biz doga ýehudydyrys, özge milletlerden bolan günäkärler däldiris.
16 Biz adamyň Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen däl-de, diňe Isa Mesihe bolan iman bilen aklanýandygyny bilýäris. Şonuň üçin biz hem Kanun işlerini berjaý etmek bilen däl-de, Mesihe bolan iman bilen aklanar ýaly, Mesih Isa iman etdik. Sebäbi hiç kim diňe kanun işlerini berjaý etmek bilen aklanmaz.
17 Mesihde aklanmak isläp, özümiz hem günäkär bolup çyksak, Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok!
18 Çünki ýykan zatlarymy gaýtadan diksem, özümi kanundan çykyjy edýärin.
19 Sebäbi men Hudaý üçin ýaşar ýaly, kanun arkaly kanuna öldüm.
20 Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin.
21 Men Hudaýyň merhemetini ýatyramok, çünki aklanma kanun arkaly gazanylýan bolsa, onda Mesih biderek ýere ölendir.