Bap 6
Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret.
2 Birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý ediň.
3 Çünki bir adam hiçkä özüni bir zatdyr öýtse, öz-özüni aldaýandyr.
4 Her kişi öz işini derňesin. Onsoň onuň başga biri hakda däl-de, özi hakda magtanjy bolar.
5 Sebäbi her kim öz ýüküni özi götermelidir.
6 Hudaýyň sözüni öwrenen öwreden bilen ähli ýagşylyklary paýlaşsyn.
7 Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar.
8 Çünki öz günäli teninde ekin eken tenden çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar.
9 Ýagşylyk etmekden ýadamalyň, çünki gowşamasak, wagtynda orarys.
10 Şeýlelikde, wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içersine ýagşylyk edeliň.
11 Ine, men öz elim bilen size nähili uly harplar bilen ýazýaryn!
12 Tende gowy görnesi gelýänler diňe Mesihiň haçy üçin azar görmez ýaly, sizi sünnetlenmäge mejbur edýändir.
13 Çünki sünnetlileriň özi-de kanuny berjaý etmän, eýsem, siziň teniňiz bilen magtanmak üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler.
14 Men hiç haçan Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga bir zat bilen magtanmaryn. Ol haç arkaly dünýä maňa haça çüýlenendir, men hem dünýä haça çüýlenendirin.
15 Çünki Mesih Isada sünnetlilik ýa sünnetsizlik möhüm däl, diňe täzeden ýaradylyş möhümdir.
16 Bu kada uýanlaryň baryna, Hudaýyň Ysraýylyna parahatlyk we rehim bolsun!
17 Mundan beýläk hiç kim maňa zähmet bermesin! Çünki men Reb Isanyň ýaralarynyň yzlaryny tenimde göterýärin.
18 Eý doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn.