2 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 13

Bu üçünji gezek ýanyňyza barşymdyr. Her söz iki ýa üç güwäniň agzy bilen tassyklanar.
2 Men ikinji gezek ýanyňyzdakam, öňünden aýdyşym ýaly, şindi-de ýokkam ozaldan günä edenlere hem-de beýlekileriň baryna öňünden ýazýaryn: ýene ýanyňyza baraýsam, gaýgyrmaryn.
3 Çünki siz Mesihiň men arkaly gepleýänine subutnama agtarýarsyňyz. Ol size garşy ejiz däl-de, siziň araňyzda güýçlüdir.
4 Sebäbi Ol ejizlikde haça çüýlenen hem bolsa, Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýar. Biz-de Onda ejizdiris, ýöne Hudaýyň size bolan gudraty arkaly Onuň bilen ýaşarys.
5 Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň. Ýa-da Mesihiň sizdedigini özüňiz hem bilmeýärsiňizmi? Beýle bolmasa, synagdan ýykylardyňyz.
6 Ýöne biziň synagdan ýykylmandygymyzy bilýänsiňiz diýip umyt edýäris.
7 Biz siziň asla erbet iş etmezligiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Bu synagdan geçen ýaly bolup görünmegimiz üçin däl-de, biz synagda ýykylan ýaly bolup, siziň ýagşy iş etmegiňiz üçindir.
8 Çünki biz hakykata garşy hiç bir iş edip bilmän, diňe hakykat ugrunda bir iş edip bilýäris.
9 Biz özümiz ejiz-de, siz güýçlükäňiz begenýäris. Munuň üçin, ýagny siziň kämilleşmegiňiz üçin hem doga edýäris.
10 Rebbiň maňa ýykmak üçin däl-de, abatlamak üçin beren ygtyýary boýunça, özüm barkam sizi gaty tutmaýyn diýip, bu zatlary araňyzda ýokkam ýazýaryn.
11 Eý doganlar, mahlasy, şatlykda boluň! Kämil boluň, aýdýanlaryma gulak asyň, pikirdeş boluň, parahat ýaşaň, söýgi hem parahatlyk Hudaýy siziň bilen bolar.
12 Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Bütin mukaddesler size salam aýdýar.
13 Reb Isa Mesihiň merhemeti, Hudaýyň söýgüsi, Mukaddes Ruha şäriklik siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.