Bap 11
Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem çydasadyňyz! Ýöne siz maňa çydaman hem durmaýarsyňyz.
2 Çünki men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim.
3 Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn.
4 Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz.
5 Çünki men hiç zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin diýip güman edýärin.
6 Söz sözlemekde ökde däl hem bolsam, bilimde ökdedirin. Biz muny size her ýolda, her zatda görkezendiris.
7 Ýa-da sizi beýgeltmek üçin özümi peseltmek bilen günä etdimmi? Çünki men Hudaýyň Hoş Habaryny size mugt wagyz etdim.
8 Size gulluk etmek üçin, beýleki ýygnaklardan muzd alyp, olara harç çekdirdim.
9 Araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, hiç kime ýük bolmadym, sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar meniň ýetmezimi ýetirdiler. Hiç bir zatda size agram salman, özümi sakladym, şeýle-de saklaryn.
10 Mesihiň mendäki hakykaty bilen aýdýaryn: Ahaýa etrabynda hiç kim meni bu magtançdan mahrum edip bilmez.
11 Näme üçin? Sizi söýmeýänim üçinmi? Muny Hudaý bilýändir.
12 Ýöne magtanýan zatlarynda biziň bilen deň saýylmak üçin pursat gözleýänlere pursat bermejek bolup, edenimi ýene-de ederin.
13 Çünki beýle adamlar galp resullar, Mesihiň resullarynyň keşbine girýän aldawçy işgärlerdir.
14 Bu geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär.
15 Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar.
16 Ýene-de diýýärin: hiç kim meni akylsyzdyr öýtmesin. Ýöne şeýle bolsa, men hem biraz magtanar ýaly, siz meni bir akylsyz hökmünde kabul ediň.
17 Men bu aýdýanlarymy Rebbe görä däl-de, akylsyz ýaly magtanma ynamy bilen aýdýaryn.
18 Köpleriň dünýä ýollaryna görä magtanyşy ýaly, men-de şeýle magtanýaryn.
19 Çünki siz akylly bolup, ýene akylsyzlara höwes bilen çydaýarsyňyz.
20 Çünki biri sizi gul etse, biri sizi iýse, biri sizi talasa, biri özüni ýokary tutsa, biri siziň ýaňagyňyza şapbatlasa, siz oňa çydaýarsyňyz.
21 Biziň muňa güýjümiz ýetmänsoň, utanyp gepleýärin. Biri näme zada ýürek edýän bolsa, akylsyzlyk bilen aýdýaryn, men hem ýürek edýändirin.
22 Olar ýewreými? Men-de. Ysraýyllymy? Men-de. Ybraýymyň neslimi? Men-de.
23 Olar Mesihiň gullukçylarymy? (Däli ýaly aýdýaryn.) Men olardan artyk: zähmetde artyk, tussaglarda artyk, ýenjilmekde ― hetdenaşa, ölümli hatarlarda ― ençeme gezek.
24 Ýehudylardan bäş gezek kyrkdan bir kem şallak iýdim;
25 üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämim gark bolup, bir gije-gündizi deňizde geçirdim.
26 Ençeme gezek ýolagçylyk etdim, derýalarda hem garakçylar arasynda, öz halkym hem özge milletler arasynda howp-hatara uçradym. Şäherde, çölde, deňizde, galp doganlar arasynda howp-hatarda boldum.
27 Zähmet hem zorlukda, köp gezek ukusyzlykda, açlyk hem suwsuzlykda, köp gezek orazalarda, sowukda hem ýalaňaçlykda boldum.
28 Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr.
29 Kim ejizläp, men ejizlemeýärin? Kim büdräp, men ýanmaýaryn?
30 Magtanmaly bolsa, men öz ejizligimi görkezýän zatlar bilen magtanjak.
31 Meniň ýalan sözlemeýänimi baky mübärek Rebbimiz Isanyň Hudaýy hem Atasy bilýändir.
32 Şamda Aret patyşanyň welaýat häkimi meni tutjak bolup, şamlylaryň şäherini saklaýardy. Şonda meni sebede salyp, şäher diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler, şeýdip, ondan sypdym.