2 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 9

Mukaddeslere gulluk etmek barada meniň size ýazmagymyň geregi ýok.
2 Çünki ýardama bolan meýliňizi bilýärin, Ahaýa öten ýyldan bäri taýýar dur diýip, makedoniýalylaryň ýanynda siz hakda öwünýärin. Siziň yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.
3 Biziň bu babatda siz hakda öwünmämiz biderek bolman, aýdyşym ýaly, taýýarlykly bolmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza iberýärin.
4 Çünki makedoniýalylar meniň bilen gelip-de, siziň taýýar däldigiňizi görseler, biz ― siz diýmeýäris ― beýle ynamlylyk üçin utanja galarys.
5 Şoňa görä hem menden öň ýanyňyza baryp, wada edilen peşgeşleriňizi öňden taýýarlamaklaryny doganlardan haýyş etmegi zerur bildim. Şeýlelikde, ol borçlulyk bilen däl-de, bir hakyky peşgeş hökmünde taýýarlanar.
6 Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar.
7 Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir.
8 Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr.
9 Şonuň ýaly hem: «Paýlap, garyplara berdi, Onuň dogrulygy baky galar» diýip ýazylgydyr.
10 Ekýäne tohum, iýmäge çörek berýän Hudaý ekeniňizi hem boladyp artdyrar, dogrulygyňyzyň hasylyny ösdürer.
11 Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder.
12 Çünki bu hyzmaty ýerine ýetirmek diňe mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpelder.
13 Bu gulluk netijesinde, olar siziň Mesihiň Hoş Habaryna bolan ykraryňyza baglydygyňyz üçin, olar bilen we hemmeler bilen malyňyzy paýlaşmakda görkezýän jomartlygyňyz üçin, Hudaýy şöhratlandyrar.
14 Hudaýyň üstüňizdäki bol merhemeti üçin siz babatda doga edip, sizi küýsär.
15 Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür!