Bap 8
Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi geldi:
2 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Siýony juda gabanýaryn, ony gahar-gazap bilen gabanýaryn“».
3 Reb şeýle diýýär: «Men Siýona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
4 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Elleri hasaly gojalardyr kempirler ýene-de Iýerusalimiň köçelerinde oturarlar.
5 Şäheriň köçeleri oýnap ýören oglan-gyzlardan dolar».
6 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».
7 Hökmürowan Reb: «Men Öz halkymy gündogar hem günbatar ýurtlaryndan halas ederin.
8 Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!
10 Şol günlerden öň ynsan üçinem, haýwan üçinem paç alynmazdy, gelýänem-gidýänem üçin duşmandan ýaňa rahatlyk ýokdy, sebäbi Men adamlary biri-biriniň garşysyna öjükdiripdim.
11 Emma indi Men bu halkyň aman galan bölegine beýle etmerin. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
12 Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.
13 Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkaýjy bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!».
14 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
15 Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!
16 Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.
17 Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb diýýär».
18 Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi geldi:
19 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».
20 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.
21 Bir şäherde ýaşaýanlar başga bir şähere gidip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbe ýalbaralyň, Hökmürowan Rebbiň gözlegine çykalyň. Ynha, men-ä ýola düşdüm“.
22 Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler».
23 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».