Bap 6
Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.
2 Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar,
3 üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy.
4 Meniň bilen gepleşen perişdeden: «Eý, jenabym, bular näme?» diýip soradym.
5 Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.
6 Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi.
7 Gyr atlar gidip, ýer ýüzüni aýlanmak isleýärdiler. Perişde: «Baryň, ýer ýüzüni aýlanyň» diýdi. Olar ýer ýüzüne aýlandylar.
8 Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.
9 Maňa Rebbiň şu sözi geldi:
10 «Şu gün Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne git-de, Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedagýadan altyn-kümüş ýygna.
11 Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.
12 Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.
13 Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.
14 Bu täçler Heldaýyň, Tobyýanyň, Ýedagýanyň hatyrasyna hem-de Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň sahylygynyň hatyrasyna Rebbiň ybadathanasynda goýlar.
15 Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.