Bap 2
Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm.
2 Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň giňliginiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi.
3 Meniň bilen gepleşen perişde menden daşlaşanda, başga bir perişde ony garşylamaga çykdy.
4 Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.
5 Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär» diýdi.
6 Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.
7 Haýda, Babylda ýaşaýan Siýon, gaç!».
8 Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siýona degen hut Meniň görejime degýändir.
9 Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
10 «Aýdym aýt, şatlan, eý, Siýon gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb diýýär.
11 Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
12 Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.
13 Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.