Bap 1
Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň sözi geldi:
2 «Men – Rebbiň siziň ata-babalaryňyza gaty gahary geldi.
3 Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
4 Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny diýýän Men – Rebdirin.
5 Hany ata-babalaryňyz, olar nirede? Pygamberler, näme, baky geldilermi?
6 Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir, beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».
7 Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň on birinji aýynyň – Şebat aýynyň ýigrimi birinji güni Ydonyň agtygy Berekýanyň ogly bolan men-Zakarýa pygambere Rebbiň sözi geldi.
8 Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.
9 Men: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. Meniň bilen gepleşip duran perişde maňa: «Olaryň nämedigini men saňa görkezerin» diýdi.
10 Onsoň mirt agaçlaryň arasynda duran: «Olar Rebbiň dünýäni aýlanyp çykmak üçin iberenleri» diýip jogap berdi.
11 Soňra olar Rebbiň mirt agaçlarynyň arasynda duran perişdesine: «Biz dünýäni aýlandyk, hawa, tutuş dünýä parahat eken» diýdiler.
12 Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rehmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.
13 Soňra Reb meniň bilen gepleşen perişdä mähirli hem köşeşdiriji sözler bilen jogap berdi.
14 Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siýony juda gabanýaryn.
15 Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».
16 Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin; Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
17 Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siýony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».
18 Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm.
19 Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.
20 Soňra Reb maňa dört ussany görkezdi.
21 Men: «Olar näme üçin geldiler?» diýip soradym. Reb maňa: «Bu şahlar ýahuda halkynyň içinden ýekejesi-de baş galdyrmaz ýaly, olary dargatdylar. Ýöne bu ussalar şahlara howp salyp, olary döwmäge geldiler. Sebäbi bu şahlar Ýahudanyň garşysyna hüjüm edip, onuň halkyny dargatdylar» diýip jogap berdi.