Ýakubyň haty

1 2 3 4 5

0:00
0:00

Bap 3

Eý doganlar! Köpüňiz mugallym bolmaň, çünki biziň örän agyr höküm aljakdygymyzy bilýänsiňiz.
2 Sebäbi hemmämiz köp büdreýäris. Kim gepinde büdremese, kämil adam bolup, bütin bedeni-de jylawlamagy başarar.
3 Bize atlaryň boýun bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk salyp, olaryň bütin göwresini dolandyrýarys.
4 Ine, şeýle uly hem güýçli ýeller bilen kowulýan gämiler-de, bir iňňän kiçi rul bilen gämiçiniň islän ugruna öwrülýär.
5 Dil hem bir kiçijik agza bolup, uly zatlar bilen öwünýändir. Kiçijik uçgun nähili uly jeňňeli tutaşdyryp goýberýär!
6 Dil otdur, azgynçylyk dünýäsidir. Dil agzalarymyzyň arasynda tutuş bedeni kirledýändir, dowzahdan lowurdap, tebigatyň gidişini lowurdadýandyr.
7 Çünki her bir tebigat, hem haýwanlaryňky, hem guşlaryňky, hem süýrenijileriňki, hem deňiz haýwanlarynyňky adamzat tebigaty arkaly eldeki edilendir we edilýändir.
8 Dile bolsa adamlaryň hiç biri erk edip bilýän däldir. Ol durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr.
9 Biz onuň bilen Ata Hudaýa alkyş okaýarys, onuň bilen Hudaý keşbine görä ýaradylan adamlara-da gargaýarys.
10 Alkyş, gargyş bir agyzdan çykýar. Eý doganlar, bu beýle bolmaly däldir.
11 Çeşme ajy hem süýji suwy bir gözden çykarýarmy?
12 Eý doganlar, injir agajy zeýtun ýa bir üzüm şahasy injir berip bilermi? Bir çeşme hem şor, hem süýji suw berip bilmez.
13 Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim? Ol öz amallaryny oňat ýaşama bilen akyldarlykdan gelen ýumşaklykda görkezsin.
14 Eger-de ýüregiňizde ajy içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, onda magtanmaň, hakykata garşy ýalan sözlemäň.
15 Bu ýokardan inen akyldarlyk däl-de, dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlykdyr.
16 Çünki nirede içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, ol ýerde başbozarlyk, her hili erbet iş hem bardyr.
17 Emma Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýenediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr.
18 Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir.