Ýakubyň haty

1 2 3 4 5

0:00
0:00

Bap 1

Hudaýyň hem-de Reb Isa Mesihiň guly bolan meniň tarapymdan, ýagny Ýakubyň tarapyndan dagynyk on iki taýpa dogaýy salam bolsun.
2 Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň,
3 çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz.
4 Kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly, çydam işiňi kämil etmelidir.
5 Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler.
6 Ol iman bilen dilesin, hiç hili şübhe etmesin, sebäbi şübhe edýän adam ýel bilen çaýkalyp, eýläk-beýläk kowlup ýören deňiz tolkuny ýalydyr.
7 Çünki bu adam Rebden bir zat alaryn diýip pikir etmesin.
8 Ol bütin ýollarynda durnuksyz ikigöwünli adamdyr.
9 Pes dogan öz belentligi bilen, döwletli hem öz pesligi bilen magtansyn,
10 çünki baýlyk otuň güli ýaly geçip gider.
11 Sebäbi Gün jöwza bilen dogup, oty guradar, onuň güli dökülip, görki gaçar. Döwletli-de şeýdip öz ugruna solup geçer.
12 Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar.
13 Synalanda hiç kim: «Men Hudaý tarapyn synalýaryn» diýmesin, çünki Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir. Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldir.
14 Ýöne her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr.
15 Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr.
16 Eý, söýgüli doganlarym, aldanmaň!
17 Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir. Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr.
18 Onuň mahluklarynyň ilkinji miwesi bolmagymyz üçin, Ol bizi Öz islegine görä, hakykat sözi bilen ýaratdy.
19 Eý, söýgüli doganlarym, şoňa görä, her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolsun.
20 Sebäbi adamyň gahary Hudaýyň talap edýän dogrulygyny emele getirmez.
21 Şoňa görä hem her hili hapalygy, her hili ýamanlygyň galyndysyny taşlap, özüňizde ekilen, janyňyzy gutarmaklygy başarýan sözi ýumşaklyk bilen kabul ediň.
22 Ýöne diňe özüni aldaýan diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji boluň.
23 Çünki kim sözi diňläp, ony ýerine ýetirmese, ol öz tebigy keşbini aýnada synlaýan adama meňzeşdir:
24 ol öz-özüni synlap gidýär-de, nähilidigini şobada unudýar.
25 Emma kim kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretse, huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar.
26 Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan bolsa, onuň dindarlygy biderekdir.
27 Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamak.