Bap 2
Eý doganlar! Rebbimiz Isa Mesihiň ― şöhrat Rebbiniň imanyny ýüz görme bilen saklamaň.
2 Sebäbi üýşen ýeriňize bir adam altyn ýüzük, nepis eşik bilen gelse, bir garyp hem kirli eşik bilen gelse,
3 siz nepis eşik geýnen adama seredip: «Sen bu ýerde rahat otur», garyba bolsa: «Sen ol ýerde dur» ýa-da: «Bu ýerde aýak astymda otur» diýseňiz,
4 Onda öz araňyzda parh goýmaýarsyňyzmy? Erbet pikirli höküm çykaryjylar bolmaýarsyňyzmy?
5 Eý, söýgüli doganlarym, gulak asyň, Hudaý dünýä garyplaryny imana baý bolmaklyga, Özüni söýenlere wada eden Patyşalygynyň mirasdarlygyna saýlamadymy?
6 Emma siz garyplary äsgermezlik etdiňiz. Baýlar size sütem etmeýärmi? Sizi diwanlar öňüne süýremeýärmi?
7 Size dakylan ýagşy ada dil ýetirmeýärmi?
8 Patyşalyk kanunyny «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýen Ýazga görä çyndan ýerine ýetirseňiz, ýagşy edersiňiz.
9 Eger-de ýüz görseňiz, günä edersiňiz, kanun sizi jenaýatçy hökmünde ýazgarar.
10 Çünki kim tutuş kanuny berjaý edip-de, diňe bir zatda büdrese, ol hemmesinde ýazykly bolar.
11 Çünki «Zyna etme» diýen «Adam öldürme» hem diýendir. Indi sen zyna etmän, ýöne adam öldürseň, onda kanuna garşy jenaýatçy bolarsyň.
12 Üstlerinden azatlyk kanuny boýunça höküm çykaryljaklar ýaly şeýle sözläp, şeýle ediň.
13 Çünki rehim etmedige höküm rehim etmez. Rehim höküme garşy magtanýandyr.
14 Eý doganlar, biriniň amallary ýokka, imanym bar diýmeginiň näme peýdasy bar? Ony ol iman saklap bilermi?
15 Bir erkek dogan ýa bir aýal dogan ýalaňaç, gündelik iýmite zarka,
16 siziň biriňiz olara: «Asuda gidiň-de, ýylynyň, doýuň» diýse, ýöne bedene gerekli zatlary bermeseňiz, näme peýdasy bar?
17 Şeýle, iman-da amallary ýok bolsa, öz-özünden ölüdir.
18 Biri diýer: «Seniň imanyň bar, meniň amallarym bar. Sen imanyňy amalsyz maňa görkez, men-de saňa imanymy amallarym bilen görkezeýin».
19 Sen Hudaýyň birligine ynanýarsyň; ýagşy edýärsiň; jynlar hem ynanýar, sandyraşýar.
20 Eý, akylsyz adam, amalsyz imanyň ölüdigini bilmek isleýärsiňmi?
21 Atamyz Ybraýym ogly Yshagy gurbanlyk edilýän ýerde bagyş edip, amallary bilen aklanmadymy?
22 Ana, görýärsiň, iman onuň amallary bilen işledi, iman onuň amallary arkaly kämilleşdi.
23 Şeýlelik bilen, «Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» diýen Ýazgy-da ýerine ýetip, oňa Hudaýyň dosty diýildi.
24 Ine, görýärsiňiz, adam diňe bir iman bilen däl, amallary bilen aklanýar.
25 Kemçin Rahaw-da çaparlary myhman alyp, olary başga ýoldan iberip, amallary bilen aklanmadymy?
26 Sebäbi bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem amallar bolmasa ölüdir.