Nagmalar nagmasy

1 2 3 4 5 6 7 8


Bap 8

Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.
2 Öňüňe düşüp, enemiň öýüne getirerdim seni, öwüt bererdiň sen maňa. Hoşboý ysly şerapdan, enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.
3 Sol eli kellämiň astynda, Gujaklaýar meni sag eli bilen.
4 Eý, Iýerusalim gyzlary, size ýalbarýaryn: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Gyzyň boýdaşlary
5 Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.
6 Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.
7 Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler. Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de, ol ýigrenç bilen ret edilerdi.
8 Kiçi uýam bar, mämeleri heniz tözlenmedik, uýamyza söz aýdylan güni onuň üçin näme ederis?
9 Diwar bolan bolsady ol, üstünde kümüş diňler gurardyk, gapy bolan bolsady, ony kedr agajyna gaplardyk.
10 Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men.
11 Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi.
12 Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun!
13 Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin.
14 Ylga, eý, ýarym! Bark urýan daglaryň üstünde jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.