Bap 7
Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?
2 Ne gözel çarykly aýaklaryň, eý, asylzada gyzy! Butlaryň ökde zergäriň elinden çykan göwher mysaly.
3 Garyşyk şeraply hiç egsilmez şa käse mysalydyr göbegiň. Garnyň çigildemlere guşanan bugdaý topbagyna meňzeýär.
4 Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
5 Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý, gözleriň Batrabbim derwezesiniň ýanyndaky Heşbon howuzlary deý. Burnuň Damaska bakyp duran Liwan diňi deý.
6 Başyň Karmel dagy deý dik bolup, zülpleriň benewşedir, şa olara bendi boldy.
7 Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý, eý, mylakatly dildarym!
8 Boýuň serwi agajyna, göwüsleriň üzüm salkymlaryna meňzeýär.
9 Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,
10 Dodaklaryň saýlama şerap deý bolsun.
11 Men ýarymyňky, ol maňa maýyl.
12 Eý, ýarym, giň sähra çykaly, gel; gel, oba gijelerine seýil edeli.
13 Üzüm baglaryna gideli ir säher, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagş ederin saňa.
14 Mandragoralar atyr saçýar, gapymyzda täze hem guradylan dürli saýlama miweler bar, olary seň üçin sakladym, eý, ýarym.