Nagmalar nagmasy

1 2 3 4 5 6 7 8


Bap 2

Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemdirin.
2 Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.
3 Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4 Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.
5 Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.
6 Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen.
7 Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Bahar aýdymy
8 Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9 Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.
10 Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör gideli bile.
11 Gyş ötdi, ýagyş diňdi.
12 Ýerde güller açylyp, nagma pursaty gelip, ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär.
13 Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, bile gideli ýör».
14 Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyň göreýin, eşideýin owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.
15 Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16 Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17 Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!