Petrusyň birinji haty

1 2 3 4 5


Bap 4

Mesihiň biziň hatyramyza tende görgi görşi ýaly, siz hem şol pikir bilen ýaraglanyň, çünki kim tende görgi görýän bolsa,
2 ol tende galan wagtyny adam höwesine görä däl-de, Hudaý islegine görä ýaşamak üçin günäden el çekendir.
3 Çünki ahlaksyzlykda, erbet höweslerde, serhoşlukda, aýşy-eşretde, içgi meýlislerinde we ýigrenji butparazlykda gezip, geçen wagtda milletleriň halaýan zatlaryny ýerine ýetireniňiz size ýeterlikdir.
4 Olar özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size sögýärler.
5 Olar dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa hasabat bererler.
6 Çünki tende ynsanlara görä üstlerinden höküm çykarylmagy, ýöne ruhda Hudaýa görä ýaşamaklary üçin, Hoş Habar ölülere-de yglan edildi.
7 Ähli zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň.
8 Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr.
9 Birek-birege hüňürdisiz myhmansöýer boluň.
10 Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin.
11 Biri geplese, Hudaýyň sözlerini aýdyp geplesin; biri hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Şeýdip, Isa Mesih arkaly Hudaý hemme zatda şöhratlansyn. Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňkydyr. Omyn.
12 Eý, söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän,
13 eýsem, Mesihiň şöhraty görnende, uly begenç bilen şatlanar ýaly, Onuň görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň.
14 Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr. Olar Oňa dil ýetirýär, siz bolsa Ony şöhratlandyrýarsyňyz.
15 Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, jenaýatçy ýa şugul bolup görgi görmesin.
16 Kim mesihi bolup görgi görýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn.
17 Çünki hökümiň Hudaýyň içersinden başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna boýun bolmaýanlaryň soňy näme bolar?
18 Dogry adam zordan gutulýan bolsa, Onda hudaýsyza, günäkäre näme bolar?
19 Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen görgi görýänler hem ýagşylyk edip, janlaryny dogruçyl Ýaradana tabşyrmalydyr.