Petrusyň birinji haty

1 2 3 4 5


Bap 2

Şeýlelikde, ähli erbetligi, ähli aldawy, ikiýüzlüligi, içigaralygy, her hili gep-gybaty goýup,
2 gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň.
3 Sebäbi, siz Rebbiň mährini dadansyňyz.
4 Oňa, ynsanlar tarapyndan taşlanan, Hudaýyň ýanynda bolsa saýlanan, gymmatly diri Daşa ýakynlap,
5 siz-de Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlaryny hödürlemek üçin, diri daşlar kimin ruhy öý, mukaddes ruhanylyk hökmünde bina edilýärsiňiz.
6 Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ine, Sionda saýlantgy, gymmatly burç daşyny goýýaryn, Oňa iman eden asla utandyrylmaz» diýilýär.
7 Bu gymmat zat siz ― iman edenler üçindir, ýöne iman etmedikler üçin «Ussalaryň taşlan daşy burç daşy»,
8 «Büdreme daşy, taýma gaýasy boldy». Olar söze boýun bolman büdreýärler; olar munuň üçin hem niýetlenendir.
9 Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz.
10 Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz; rehime gowuşmandyňyz, ýöne şindi gowuşdyňyz.
11 Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden garyplar, mysapyrlar hökmünde gaça duruň.
12 Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň.
13 Baş häkim bolany üçin patyşa bolsun,
14 ýa onuň bet iş edýänleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edýänleri öwmäge iberen häkimleri bolsun, Rebbiň hatyrasyna, bütin adamzat düzgünine tabyn boluň.
15 Çünki Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, pähimsiz adamlaryň nadanlygyny bes etdirmegiňizdir.
16 Azatlar ýaly, öz azatlygyny erbetlige örtgi edinenler ýaly däl-de, Hudaýyň bendeleri ýaly geziň.
17 Hemmeleri sylaň, doganlary söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.
18 Eý hyzmatçylar! Diňe bir ýagşy we mylaýym baýarlaryňyza däl, eýsem, hyrsyzlara-da bütin gorky bilen boýun boluň.
19 Çünki kim nähak görgi görüp, Hudaýyň öňündäki wyždanyndan ötri azaplara döz gelýän bolsa, bu sogapdyr.
20 Çünki günä edip-de, ýenjileniňiz-de çydaýan bolsaňyz, bu size nähili abraý bolar? Emma ýagşylyk edip, görgi görüp, çydam etseňiz, bu Hudaýyň ýanynda sogapdyr.
21 Çünki siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz, sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy.
22 Ol günä etmedi, agzyndan hileli söz çykmady.
23 Sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.
24 Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.
25 Siz goýunlar kimin azaşypdyňyz, ýöne şindi janlaryňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine tarap yza öwrüldiňiz.