Efeslilere haty

1 2 3 4 5 6

0:00
0:00

Bap 6

Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr.
2 «Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla».
3 Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur.
4 Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň.
5 Eý gullar, dünýädäki hojaýynyňyzyň sözüne, Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky, titreme we akýüreklilik bilen gulak asyň.
6 Adama ýaranjak bolýanlar ýaly, göze hoş görünsin diýip, iş bitirmän, eýsem, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý ediň.
7 Adamlara däl-de, Rebbe gulluk edýän ýaly, ýagşy niýet bilen gulluk ediň.
8 Çünki gul bolsun, azat bolsun, her kimiň eden her ýagşylygynyň Rebden gaýtjagyny bilýänsiňiz.
9 Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyza şeýle ediň, olara gorky salmaň. Çünki olaryň hem öz Rebbiňiziň Gökdedigini, Onuň tarapgöýlik etmeýänini bilýänsiňiz.
10 Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň.
11 Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň.
12 Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr.
13 Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň.
14 Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip,
15 aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň.
16 Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.
17 Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň.
18 Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň.
19 Ugrunda zynjyr bilen bagly bolup, ilçilik edýän Hoş Habarymyň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açanymda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň.
20 Hoş Habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmegim üçin doga ediň.
21 Meniň nähilidigimi, näme edýänimi siz biler ýaly, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihikus size bar zady aýdar.
22 Ine, şunuň üçin hal-ýagdaýymyzy biliň, ol ýüregiňize teselli bersin diýip, Tihikusy size ýolladym.
23 Ata Hudaýdan, Reb Isa Mesihden doganlara parahatlyk, iman, söýgi dileg edýärin.
24 Hudaýyň merhemeti Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň bary bilen bolsun! Omyn.