Efeslilere haty

1 2 3 4 5 6

0:00
0:00

Bap 5

Şeýlelikde, söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň.
2 Mesih bizi nähili söýen bolsa, Özüni biziň üçin atyr ysly sowgat, gurban hökmünde Hudaýa hödürlän bolsa, onda siz hem söýgüde geziň.
3 Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir.
4 Araňyzda edepsizlik, ýaňralyk, ýakymsyz ýaňsy bolmasyn. Bular ýaraşykly däldir. Munuň deregine şükür edilsin.
5 Şuny bilip goýuň, hiç bir ahlaksyzyň, hapanyň ýa-da butparaz açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygynda mirasy ýokdur.
6 Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn, çünki Hudaýyň gazaby söz diňlemeýänleriň başyna şu zatlar zerarly gelýändir.
7 Şonuň üçin olar bilen gatnaşyk etmäň.
8 Siz bir wagtlar garaňkylykdyňyz, ýöne indi Rebde yşyksyňyz. Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň.
9 Çünki Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr.
10 Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak boluň.
11 Garaňkylygyň miwesiz işlerine gatyşmaň, gaýtam, olary paş ediň.
12 Garaňkylykdakylaryň ogrynça edýän zatlaryny aýtmak aýypdyr.
13 Ýöne yşygyň paş eden ähli zady görner. Çünki ähli zady äşgär edýän yşykdyr.
14 Şonuň üçin: «Oýan, eý uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa yşyk saçar» diýilýär.
15 Şeýlelikde, akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň.
16 Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr.
17 Munuň üçin akmak bolman, Rebbiň isleginiň nämedigine düşüniň.
18 Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň.
19 Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň.
20 Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür edip,
21 Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň.
22 Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň.
23 Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr.
24 Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun.
25 Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň.
26 Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin,
27 ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi.
28 Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir.
29 Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr.
30 Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys.
31 «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar».
32 Bu syr uly, ýöne men Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.
33 Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn.