Mika

1 2 3 4 5 6 7


Bap 6

Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň! Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň, Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin!
2 Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar.
3 «Eý, halkym, Men saňa näme etdim? Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!
4 Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.
5 Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.
6 Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen geleýinmi? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?
7 Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nobahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?
8 Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
9 Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!
10 Öýlerini haram hazynalardan dolduran pisleri, Men nädip bilmezlige salaýyn? Kem ölçemek näletlidir.
11 Ýalan tereziler ulanan, Torbasy kem ölçeg daşly adamy Men neneňsi aklaýyn?
12 Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.
13 Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.
14 Iýersiňiz, emma doýmarsyňyz, aç galarsyňyz. Ýygnarsyňyz, ýöne saklamarsyňyz. Saklanyňyzy gylyç bilen ýok ederin.
15 Ekersiňiz, emma ormarsyňyz. Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz, üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz.
16 Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».