Bap 4
Şeýle günler geler, Rebbiň öýüniň duran dagy ähli daglardan belentde bolar, ähli baýyrlardan üstün bolar, halklar oňa tarap eňerler.
2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Reb bize Öz ýollaryny öwreder. Biz hem Onuň ýodalaryndan ýöräris». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
3 Reb halklara höküm eder. Uzakdaky güýçli milletleriň dawa-jenjelini çözer; olaryň gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, uruş tälimini almazlar indi.
4 Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.
5 Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris. Ysraýyllar sürgünden gaýdyp geljek
6 Reb diýýär: «Şol gün Men maýyplary ýygnaryn. Kowlan, ejir gören halkymy bir ýere toplaryn.
7 Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Siýon dagynda Men–Reb olara hökümdarlyk ederin».
8 Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Siýon gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy diklener.
9 Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?
10 Eý, Siýon gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşman elinden gutarar seni.
11 Indi köp milletler Saňa garşy birleşip: «Goý, Siýon haram bolsun, muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.
12 Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar, Onuň maksadyna-da düşünmeýärler. Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý jezalandyrmak üçin Reb olary bir ýere jemledi.
13 Reb şeýle diýýär: «Eý, Siýon gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».