Bap 8
Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy.
2 Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.
3 Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
4 Eşidiň muny, mätäçleri depgiläp ezýänler, ýurduň garyplaryny heläk edýänler!
5 Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, hileli çekim daşyny ulanarys.
6 Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp, garyplary kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».
7 Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi: «Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.
8 Bu işler üçin ýer sarsmajakmy? Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy? Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar, Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.
10 Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
11 Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: «Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar.
12 Rebbiň sözüni agtaryp, ynsanlar deňizden-deňze, demirgazykdan gündogara entärler. Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar, emma ony tapyp bilmezler.
13 Şol gün gözel gyzlar we ýaş ýigitler teşnelikden huşuny ýitirerler».
14 Samarýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän!, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.