Bap 6
Dat günüňize, eý, Siýonda asuda ýaşaýanlar, Samarýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!
2 Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştleriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
3 Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!
4 Eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!
5 Özlerini Dawut ýaly saýyp, saz gurallaryny oýlap tapýanlar, barbatyň owazyna aýdym aýdýanlar,
6 şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar!
7 Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler, kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.
8 Hökmürowan Reb Özünden ant içdi. Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin».
9 Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler.
10 Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.
11 Ine, Reb şeýle buýurýar: «Uly jaýlar toza, kiçi jaýlar küle dönsün.
12 Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.
13 Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.
14 Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky, saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak. Olar Lebohamatdan Araba jülgesine çenli seni ezerler». Muny Reb, Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.