Bap 2
Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy.
2 Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.
3 Patyşa olara: «Men bir düýş gördüm. Düýşüň ýorgudyny bilmek islegi ýüregimi howsala salýar» diýdi.
4 Akyldarlar arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.
5 Patyşa akyldarlara şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin.
6 Emma siz maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp berseňiz, onda siz menden sowgatlar we sylag-serpaýlar alyp, beýik hormata mynasyp bolarsyňyz. Şonuň üçin hem maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp beriň».
7 Olar oňa ýene-de: «Ilki bilen, goý, patyşamyz öz gullaryna gören düýşüni aýtsyn, biz hem onuň ýorgudyny aýdaly» diýip jogap berdiler.
8 Patyşa: «Meniň kararymyň çynlakaýdygyny görüp, siziň wagt utmak isleýändigiňizi anyk bilýärin.
9 Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi.
10 Akyldarlar patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr.
11 Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».
12 Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.
13 Akyldarlaryň hemmesiniň öldürilmelidigi barada perman çykdy. Olar Danyýeli we onuň ýoldaşlaryny hem öldürmek üçin, olaryň gözlegine çykdylar.
14 Patyşanyň janpenalarynyň başlygy Arýok Babylyň akyldarlaryny öldürmäge çykanda, Danyýel oňa akylly-başly hem parasatlylyk bilen sala saldy.
15 Ol köşk emeldary Arýokdan: «Näme üçin patyşanyň permany beýle gazaply?» diýip sorady. Arýok bolan wakany Danyýele düşündirdi.
16 Şonda Danyýel içeri girip, patyşanyň düýşüniň ýorgudyny aýtmak üçin özüne wagt berilmegini haýyş etdi.
17 Onsoň Danyýel öýüne baryp, bu ahwalaty ýoldaşlary Hananýa, Mişaýyla we Azarýa habar berdi.
18 Bu syryň açylmagy üçin Gökdäki Hudaýdan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.
19 Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gökdäki Hudaýa alkyş aýtdy.
20 Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.
21 Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.
22 Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.
23 Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».
24 Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi.
25 Arýok ony derrew patyşanyň huzuryna eltip: «Patyşahym, Ýahudadan ýesir edip getirilenleriň arasyndan siziň gören düýşüňizi ýorup biljek bir adam tapdym» diýdi.
26 Patyşa Belteşasar diýlip atlandyrylan Danyýelden: «Sen maňa nähili düýş görenimi aýdyp, ony ýorup bilersiňmi?» diýip sorady.
27 Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez.
28 Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:
29 Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary Aýan ediji muny saňa äşgär etdi.
30 Maňa bolsa bu syr başga adamlardan has akyllydygym üçin açylman, eýsem munuň ýorgudy patyşa aýan edilsin, ol hem öz ýüregindäki pikirlere düşünsin diýlip aýan boldy.
31 Eý patyşahym, ine, sen düýşüňde beýik bir heýkel gördüň. Ol heýkel şeýle äpetdi, şöhle saçýardy. Ol seniň öňüňde durdy we onuň daş görnüşi gorkunçdy.
32 Heýkeliň kellesi sap altyndan, döşi bilen gollary kümüşden, bili bilen butlary bürünçdendi.
33 Baldyrlary demirdendi, aýaklarynyň ýarysy demirden, ýarysy hem toýundandy.
34 Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.
35 Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.
36 Görlen düýş, ine, şudur. Indi bolsa biz ony patyşa ýorup bereli.
37 Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gökdäki Hudaý saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.
38 Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň!
39 Seniň patyşalygyňdan soňra seniňkiden pes bolan başga bir patyşalyk peýda bolar. Soňra tutuş ýer ýüzüne hökümdarlyk etjek üçünji bir bürünç patyşalyk geler.
40 Dördünji patyşalyk demir ýaly güýçli bolar, çünki demriň ähli zady mynjyradyşy ýaly, ol hem bularyň hemmesini gyryp tükeder.
41 Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar.
42 Aýaklaryň barmaklarynyň ýarysynyň demirden, ýarysynyň hem toýundan bolmagy, bu patyşalygyň bir böleginiň güýçli, bir böleginiň bolsa ejiz boljakdygyny aňladýar.
43 Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler.
44 Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
45 Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!».
46 Soňra Nebukadnesar patyşa ýere ýüzin düşüp, Danyýele tagzym etdi. Oňa galla sadakasyny we ýakymly ysly tütetgi hödür etmeklerini buýurdy.
47 Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary Aýan edijidir» diýdi.
48 Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.
49 Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.