Bap 11
Madaýly Darýuşyň patyşalygynyň birinji ýylynda men Mikaýyly goldap, ony güýçlendirmek üçin ýanynda durdum. Günorta patyşalary demirgazyk patyşalary bilen söweşýär
2 Indi men saňa hakykaty aýdyp bereýin. Pars ýurdundan ýene-de üç patyşa çykar. Dördünji patyşa olaryň hemmesinden baý bolar. Ol baýlygynyň üsti bilen güýçlenende, hemmäni Gresiýa patyşalygyna garşy aýaga galdyrar.
3 Soňra güýçli bir patyşa çykar. Ol beýik patyşalygy bilen höküm sürüp, öz islänini eder.
4 Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.
5 Günorta patyşasy güýçlener, emma onuň öz serkerdelerinden biri ondan has güýçlenip, serkerdäniň hökümdarlygy has beýgeler.
6 Birnäçe ýyl geçenden soň, günorta patyşasy demirgazyk patyşasy bilen birleşer. Ol gyzyny demirgazyk patyşasyna berip, onuň bilen ýaraşyk baglaşar. Emma ol gyz bu ýaraşygyň güýjüni uzak saklap bilmez. Patyşa hem, onuň tohum-tiji hem uzak döwran sürmez. Şeýdip, bu gyz-da, onuň ýaranlary-da, kakasy-da, özüni goldanlar bilen bile ele düşerler.
7 Ýöne ol gyzyň kakasynyň, ýagny günorta patyşasynyň ýerine gyzyň kökünden bir baldak çykar, ol demirgazyk patyşasynyň garşysyna hüjüm edip, onuň galasyna girer. Olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar.
8 Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.
9 Soňra demirgazyk patyşasy günorta patyşasynyň üstüne çozar, emma onuň hüjümi yzyna serpikdiriler.
10 Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.
11 Günorta patyşasy gazap atyna atlanyp, demirgazyk patyşasyna garşy söweşer. Demirgazyk patyşasy hem uly bir goşuny aýaga galdyrar, emma onuň goşuny duşmanyndan ýeňler.
12 Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.
13 Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler.
14 Şol döwürde birtopar adam günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Görnüşiň berjaý bolmagy üçin seniň halkyňyň arasyndan güýji zorlar aýaga galarlar, emma olar büdrärler.
15 Soňra demirgazyk patyşasy gelip, berk diwarly şäheriň daşyny gabap, ony basyp alar. Günorta goşuny hatda özüniň saýlama goşuny bilen-de onuň garşysynda durup bilmez, olaryň güýçleri ýetmez.
16 Demirgazyk patyşasy özüne garşy çykana islän zadyny eder, hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol owadan ýurtda özüni berkarar eder we weýran ediş ygtyýaryna eýe bolar.
17 Patyşalygynyň ähli güýjüni toplap, duşmanynyň üstüne gelmegi ýüregine düwer. Patyşalygyny heläk etmek üçin, günorta patyşasy bilen ýaraşyk baglaşar, oňa aýal berer. Emma demirgazyk patyşasynyň bu guran hilesi başa barmaz, bu oňa hiç hili peýda getirmez.
18 Şundan soňra ol ünsüni kenar ýakasyndaky şäherlere tarap öwrer we olaryň köpüsini basyp alar. Ýöne bir serkerde onuň kemsitmeleriniň soňuna çykar, gopbamsylygy üçin jezasyny berer.
19 Soňra ol öz ýurdunyň galalaryna tarap öwrüler, ýöne büdräp ýykylar-da, ýitirim bolar.
20 Demirgazyk patyşasynyň ýerine patyşalygyň şöhraty üçin salgyt ýygnamaga iberýänçi biri bolar. Ol hem birnäçe günden ýok ediler, ýöne bu ne gahar üsti bilen, ne-de söweş üsti bilen ýok ediler.
21 Onuň ýerine patyşalyk hormatyna mynasyp bolmadyk bir namart adam peýda bolar. Ol duýdansyz gelip, patyşalygy mekirlik bilen eline alar.
22 Sil kimin gelip basan goşunlar onuň öňünden süpürilip aýrylar, hatda Äht hökümdary-da ýeňlişe sezewar bolar.
23 Namart adam ylalaşyk baglaşmak bilen hile gurar we kiçi goşun bilen güýçlener.
24 Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.
25 Soňra güýjüni we kuwwatyny jemläp, ol beýik goşun bilen günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Günorta patyşasy-da has uly we güýçli goşun bilen urşa girişer. Emma günorta patyşasy özüne garşy gurlan dildüwşükler sebäpli ýeňiş gazanyp bilmez.
26 Onuň saçagyndan çörek iýenler ony weýran ederler. Goşuny dargadylyp, bir topary urlup öldüriler.
27 Bu patyşalaryň ikisiniň-de ýüreginde erbet niýet bolar. Olar bir saçagyň başynda bile oturyp, ýalan sözlärler, ýöne bu ýol almaz, çünki munuň soňy bellenen wagtda geler.
28 Demirgazyk patyşasy uly baýlyk bilen öz ýurduna dolanar, emma ýüregi mukaddes ähte garşy bolar. Ol niýetini amala aşyryp, ýurduna dolanar.
29 Bellenen wagtda ol ýene-de günorta öwrülip geler, emma bu gezek öňki ýaly bolmaz.
30 Kitim gämileri oňa garşy çykar. Onsoň ol ruhdan düşüp, yzyna öwrüler. Ol gazap atyna atlanyp, mukaddes ähte garşy hereket eder we mukaddes ähte hyýanat edenlere hormat goýar.
31 Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.
32 Ol ähte hyýanat edenleri hilegärlik bilen ýolundan azdyrar, emma öz Hudaýyna wepaly halk bolsa berk durup, oňa garşy hereket eder.
33 Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler, emma birnäçe günüň dowamynda olary gylyçdan geçirerler, otda ýakarlar we sürgün edip talarlar.
34 Ýeňlişe sezewar bolanlarynda, olara biraz kömek ediler. Köp adam ýaranjaňlyk bilen olara goşular.
35 Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr.
36 Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.
37 Ol ata-babalarynyň hudaýlaryna, hatda aýallaryň iň söýgüli hudaýyna hem hormat goýmaz. Ol hiç bir hudaýy sylamaz, ol özüni hemme zatdan ýokarda saýar.
38 Bulara derek ol galalaryň hudaýyna hormat goýar. Ata-babalarynyň tanamadyk hudaýyny altyn-kümüş, gymmatbaha daşlar we her dürli sylag-serpaýlar bilen hormatlar.
39 Ol keseki hudaýyň kömegi bilen galalary berkarar eder. Patyşa özüni hökümdar hökmünde kabul edenleri has artyk sylaglar, olary köp adamlaryň üstünden häkim goýar. Ýurdy olara baýrak hökmünde paýlar.
40 Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we bir topar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.
41 Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar.
42 Ol ýurtlara zarba urar, ondan Müsür ýurdy-da gaçyp gutulmaz.
43 Ol altyn-kümüş hazynalaryny we Müsüriň ähli baýlygyny öz ygtyýaryna geçirer. Liwiýalylar we efiopiýalylar oňa boýun egerler.
44 Emma gündogardan we demirgazykdan gowşan habarlar ony howsala salar. Onsoň ol gazap atyna atlanyp, köp adamlary öldürmek we bütinleý ýok etmek üçin ýola düşer.
45 Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».