Ýermeýanyň agysy

1 2 3 4 5


Bap 5

Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla. Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!
2 Mirasymyz kesekilere, öýlerimiz gelmişeklere galdy.
3 Biz atasyz ýetim galdyk, ejelerimiz bolsa dul galdy.
4 Suwumyzy pul töläp içdik, odunymyzy-da satyn aldyk.
5 Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar, tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.
6 Doýa-garna çörek iýmek üçin Müsüre we Aşura elimizi serdik.
7 Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.
8 Üstümizden gullar höküm sürýär, olaryň elinden bizi halas edýän ýok.
9 Çöldäki garakçynyň gylyjy zerarly nanymyzy janymyzdan geçip gazanýas.
10 Ýakyp barýan açlygyň derdinden derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.
11 Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň, Siýonda gelinleriň namysyna degildi.
12 Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar, baştutanlaryna hormat goýmadylar.
13 Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar, olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.
14 Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar, ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.
15 Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi, tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.
16 Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.
17 Munuň üçin ýüregimiz agyrdy, gözlerimiz küteldi.
18 Çünki Siýon dagy weýran bolup, şagallar sümsünişip ýör üstünde.
19 Ýöne Sen, ýa Reb, ebedi höküm sürersiň, Seniň tagtyň nesilden-nesle dowam eder.
20 Ne üçin Sen bizi ebedilik unudýarsyň? Ne üçin bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?
21 Bize çäksiz gaharlanyp, bütinleý ret etmedik bolsaň, bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris, bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!
22