Bap 4
Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda.
ב
2 Siýonyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy!
ג
3 Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy.
ד
4 Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär.
ה
5 Näzi-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.
ו
6 Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.
ז
7 Onuň ýolbaşçylary gardan arassa, süýtden akdylar. Bedenleri merjenden gyzyl, daş sypatlary ýakut kimindi.
ח
8 Indi ýüzleri kömürden gara, köçelerde tanalmaýarlar. Derileri süňklerine ýapyşyp, gury agaja döndüler.
ט
9 Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy.
י
10 Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy.
כ
11 Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siýona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy.
ל
12 Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hiçisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.
מ
13 Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler.
נ
14 Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady.
ס
15 Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!».
פ
16 Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez.
ע
17 Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik.
צ
18 Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.
ק
19 Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyndamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.
ר
20 Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.
ש
21 Eý, Uz ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.
ת
22 Eý, Siýon gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.