Bap 4
Hebronda Abneriň öldürilendigini eşidip, Şawulyň ogly Yşboşediň essi aýyldy, tutuş ysraýyl halkyna howsala aralaşdy.
2 Şawulyň ogly Yşboşediň hyzmatynda Bagana hem Rekap atly iki dogan bardy. Olar garakçy toparlaryň serkerdeleridiler. Olar benýamin tiresinden beýerotly Rimmonyň ogullarydylar. (Beýerot Benýamin topragynyň bir bölegi hasap edilýärdi.
3 Bir wagtlar öz topraklaryny taşlap, Gitaýyma gaçyp baran beýerotlylar häzire çenli hem ol ýerde gelmişek bolup ýaşap ýörler.)
4 Şawulyň ogly Ýonatanyň Mepiboşet diýen iki aýagy-da agsak bir ogly bardy. Ýizregelden Şawul bilen Ýonatanyň öldi habary gelende, ol bäş ýaşyndady. Enekesi juda howlukmaçlyk bilen alyp gaçyp barýarka, ony elinden gaçyrypdy. Şeýdip, çaganyň aýagyna şikes ýetipdi.
5 Yşboşet günortan dynç alýarka, Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana günortanyň yssysynda onuň öýüne geldiler.
6 Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular.
7 Bu, ine, şeýle bolupdy: Olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Araba jülgesi bilen uzak gije ýörediler.
8 Ol ikisi Yşboşediň kellesini Hebrona Dawudyň ýanyna getirip, oňa: «Ine, şu seniň janyňa kast etmekçi bolan duşmanyň Şawulyň ogly Yşboşediň kellesi! Bu gün Reb Şawuldan we onuň neslinden şa hezretleriniň aryny aldy» diýdiler.
9 Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana ýüzlenip: «Meni ähli bela-beterlerden goran Rebden ant içýärin, maňa biri Şawulyň öldi habaryny getiripdi we ol gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim.
10 Getiren buşlugy üçin oňa şeýle „serpaý“ ýapylypdy.
11 Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.
12 Soňra Dawut nökerlerine emr etdi; nökerler olary öldürdiler we el-aýaklaryny kesip, göwrelerini Hebrondaky howdanyň üstünden asdylar. Yşboşediň kellesini bolsa äkidip, Hebronda Abneriň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.