Bap 15
Şondan soň Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady.
2 Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi.
3 Abşalom: «Sen mamla, aýdýanyň hak, ýöne şanyň ýanynda seni diňläre adam ýok» diýip jogap bererdi.
4 Ol: «Ýurda diňe özüm häkim bolsadym! Men dawaly mesele bilen ýa-da başga bir iş bilen ýanyma gelenleriň ählisiniň işine adalatly serederdim» diýerdi.
5 Şeýle hem kimdir biri oňa tagzym etmek üçin golaýlaşmak islese, elini uzadyp ony bagryna basardy-da, ogşardy.
6 Abşalom höküm üçin şanyň ýanyna gelen her bir ysraýylly bilen şeýle ederdi. Şeýdip, ol ysraýyl halkyna özüni aldyrdy.
7 Dört ýyldan soň Abşalom Dawut patyşa: «Rugsat berseň, Hebrona gidip, Rebbe eden kasamymy ýerine ýetireýin.
8 Men guluň Aram ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.
9 Patyşa oňa: «Arkaýyn gidiber» diýdi. Şeýdip, ol Hebrona gitdi.
10 Emma ol: «Surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“ diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady.
11 Iýerusalimden çagyrylan iki ýüz adam hem Abşalom bilen bile gitdi. Olar bolan işlerden bihabar bolansoň, ak göwün bilen Abşalomyň yzyna düşdüler.
12 Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.
13 Bir çapar gelip: «Ysraýyllaryň ýüregi Abşaloma baglanypdyr» diýip, Dawuda habar berdi.
14 Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.
15 Patyşanyň adamlary oňa: «Şa hezretleri näme islese, siziň gullaryňyz şoňa razy» diýdiler.
16 Şeýdip, patyşa tutuş maşgalasyny yzyna tirkäp, ýola çykdy. Ol on gyrnak aýalyny öýe seretmek üçin goýup gitdi.
17 Patyşa ähli adamlaryny alyp, ýola düşdi. Olar galanyň çetinde saklandylar.
18 Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletliler hem-de Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden geçdiler.
19 Patyşa gatly Ytaýa şeýle diýdi: «Sen näme üçin bizden galman gelýärsiň? Yzyňa gaýt-da, täze patyşa bilen boluber. Sebäbi sen ýurdundan kowlan gelmişeksiň.
20 Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin».
21 Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.
22 Dawut Ytaýa: «Bolýar, bar geç» diýdi. Ytaý ýanyndaky ähli adamlarydyr bala-çagalary bilen bilelikde geçdi.
23 Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron çaýyndan geçip, çöle tarap ýola düşdi.
24 Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.
25 Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder.
26 Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».
27 Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt.
28 Sizden bir habar alýançam, çölde – derýanyň saý ýerinde garaşaryn».
29 Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar.
30 Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.
31 «Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.
32 Dawut Hudaýa sežde edilýän belentligiň üstüne çykanda, onuň bilen duşuşmak üçin arky urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi.
33 Dawut oňa şeýle diýdi: «Eger meniň bilen bile gitseň, maňa ýük bolarsyň.
34 Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň.
35 Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň.
36 Sadogyň ogly Ahymagas bilen Abýataryň ogly Ýonatan hem şol ýerdedir. Şolaryň üsti bilen alan maglumatlaryňy maňa ýetirersiň».
37 Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý Iýerusalime geldi. Şol wagt Abşalom gala girip barýardy.