Isa, Hudaýyň Ogly - Üçbirlik
-
Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
plönekeýlik 1:26 -
Reb Hudaý: «Ine, adam ýagşy-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş agajyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.
plönekeýlik 3:22 -
Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.
Kanun taglymaty 6:4 -
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Işaýa 9:6 -
Reb şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.
Işaýa 43:10 -
Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.
Işaýa 44:6 -
Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.
Işaýa 48:16 -
Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Pukaralara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni mesh etdi; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
Işaýa 61:1 -
Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ata boldum Men saňa.
Işaýa 2:7 -
Hudaý rebbime şeýle sözledi: «Duşmanlaryňy aýagyňyň astyna serýänçäm, Meniň sagymda otur».
Işaýa 110:1 -
«Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emmanuýel dakarlar». Bu ― «Hudaý biziň bilendir» diýen manyny berýär.
Mattanyň Hoş Habary 1:23 -
Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, Gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.7 Şonda Gökden bir ses: «Bu Meniň söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn» diýdi.
Mattanyň Hoş Habary 3:16-17 -
Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň.
Mattanyň Hoş Habary 28:19 -
Isa şeýle jogap berdi: «Birinji tabşyryk şu: „Diňle, eý Ysraýyl! Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir.
Mattanyň Hoş Habary 12:29 -
Kanunçy Oňa şeýle diýdi: «Eý, ýagşy Mugallym! Sen „Ol birdir, Ondan başgasy ýokdur" diýip, dogry aýtdyň.
Mattanyň Hoş Habary 12:32 -
Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler.
Lukanyň Hoş Habary 1:35 -
Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.
Lukanyň Hoş Habary 22:42 -
Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
Ýahýanyň Hoş Habary 1:1-3 -
Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy.
Ýahýanyň Hoş Habary 1:14 -
Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir».
Ýahýanyň Hoş Habary 1:18 -
Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir».
Ýahýanyň Hoş Habary 4:24 -
Şu sebäpden ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler, çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.
Ýahýanyň Hoş Habary 5:18 -
Munuň üçin Men size „günäli ölersiňiz" diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz».
Ýahýanyň Hoş Habary 8:24 -
sa olara: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn» diýdi.
Ýahýanyň Hoş Habary 8:58 -
Atam Ikimiz birdiris».
Ýahýanyň Hoş Habary 10:30 -
Ýehudylar Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.
Ýahýanyň Hoş Habary 10:33 -
Isa oňa şeýle diýdi: «Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez.
Ýahýanyň Hoş Habary 14:6 -
Isa oňa şeýle diýdi: «Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez" diýmäň näme? Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär. Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň.
Ýahýanyň Hoş Habary 14:9-11 -
Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar.
Ýahýanyň Hoş Habary 14:16-17 -
Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.
Ýahýanyň Hoş Habary 14:26 -
„Men barýaryn, ýöne ýanyňyza öwrülip gelerin" diýenimi eşitdiňiz. Meni söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýänligime şatlanardyňyz, çünki Ata Menden beýikdir.
Ýahýanyň Hoş Habary 14:28 -
Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda güwälik eder.
Ýahýanyň Hoş Habary 15:26 -
Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr.
Ýahýanyň Hoş Habary 17:3 -
Maňa beren şöhratyňy Men-de olara berdim, biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun. Men olarda we Sen Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütinleý birlikde bolsun.
Ýahýanyň Hoş Habary 17:22-23 -
mukaddeslik ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih hakdadyr.
Ýahýanyň Hoş Habary 1:4 -
Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr.
Ýahýanyň Hoş Habary 3:30 -
Isany Direldeniň Ruhy sizde mesgen tutýan bolsa, onda Mesihi ölümden Direlden sizde mesgen tutan Ruhy üçin ölümli bedeniňize-de ýaşaýyş berer.
Ýahýanyň Hoş Habary 8:11 -
Emma ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir». Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi, sebäbi, Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr.
1 Korintoslylara haty 2:9-10 -
Siz Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, Hudaýyň Ruhunyň sizde ýaşaýanyny bilmeýärsiňizmi?
1 Korintoslylara haty 3:16 -
biziň bir Ata Hudaýymyz bardyr. Hemme zat Ondandyr, biz Onuň üçin ýaşaýandyrys we bir Rebbimiz Isa Mesih bardyr, hemme zat Ol arkaly bolandyr, biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.
1 Korintoslylara haty 8:6 -
Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.
Korintoslylara haty 5:22-23 -
Çünki biziň ikimiziň bir Ruhda Ol arkaly Atanyň huzuryna çykara ýolumyz açykdyr.
Efeslilere haty 2:18 -
Çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir, Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir. Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy hem Atasy birdir.
Efeslilere haty 4:4-6 -
Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
Efeslilere haty 1:2 -
Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam, gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi.
Efeslilere haty 2:5-8 -
Görünmez Hudaýyň keşbi, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur6 Sebäbi Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary ― baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir.
Efeslilere haty 1:15-17 -
Çünki hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr.
Efeslilere haty 2:9 -
Reb ýüregiňizi Hudaýyň söýgüsine, Mesihiň sabryna gönükdirsin.
2 Selaniklilere 3:5 -
Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr.
1 Selaniklilere 2:5 -
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlip,
2 Selaniklilere 1:9 -
häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamagymyzy öwredýär.
Selaniklilere 2:13 -
Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň, Gökde Şöhratlynyň sagynda oturdy.
Selaniklilere 1:3 -
Ogly hakda: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr» diýýär.
Selaniklilere 1:8 -
onda Özüni ebedi Ruh arkaly Hudaýa müýnsüz hödürlän Mesihiň gany diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin biziň ynsabymyzy ölüm getirýän işlerden näçe artykmaç tämizlär!
Selaniklilere 9:14 -
Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdir.
Selaniklilere 13:8 -
Isa Mesihiň resuly Petrusdan Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky ýaýran Ata Hudaýyň öňden bilşine görä, Ruhuň mukaddes etmegi bilen Oňa gulak asyň we Isa Mesihiň ganynyň sepilmegi üçin saýlanan garyplara salam! Size merhemet, parahatlyk eçilsin!
Petrusyň birinji haty 1:1-2 -
Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir.
1 Ýahýanyň Hoş Habary 1:3 -
Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr.Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar.
1 Ýahýanyň Hoş Habary 5:7-8 -
Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr.
1 Ýahýanyň Hoş Habary 5:20 -
Häzir bar bolan, geçmişde bar bolan, geljek we her zada güýji ýetýän Reb Hudaý diýýär: «Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin».
Petrusyň birinji haty 1:8