Halas bolmagymyz


  • Size dogrusyny aýdýaryn, toba edip, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Patyşalygyna asla girip bilmersiňiz. Mattanyň Hoş Habary 18:3
  • Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. Ýahýanyň Hoş Habary 1:12
  • Isa oňa: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. Ýahýanyň Hoş Habary 3:3
  • Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi. Ýahýanyň Hoş Habary 3:16
  • Emma Onuň güwäligini kabul eden Hudaýyň hakykatdygyny tassyklaýandyr. Ýahýanyň Hoş Habary 3:36
  • Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Ýahýanyň Hoş Habary 10:28
  • Isa oňa şeýle diýdi: «Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. Ýahýanyň Hoş Habary 14:6
  • Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler. Resullaryň Işleri 16:31
  • Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy. Pawlusyň Rimlilere haty 3:23
  • Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr. Pawlusyň Rimlilere haty 6:23
  • Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular». Pawlusyň Rimlilere haty 10:9,10,13
  • Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr. 2 Korintoslylara haty 5:17
  • Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr. Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir. Efeslilere haty 2:8,9
  • Ol bizi dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutardy. Titusa haty 3:5
  • Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz. Ýewreýlere haty 9:22
  • Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 1:9
  • Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar. Ýahýa gelen ylham 3:20