Halas bolmagymyz
- Ölüm tolkunlary daşymy gurşady, Ajal silleri janyma howp saldy. Ölüler dünýäsiniň tanaplary meni gurşady. Ölüm duzaklary boýnuma pete-pet geldi. Jebir çekenimde Rebbi – Hudaýymy çagyrdym. Öz ybadathanasynda sesimi eşitdi, Eşitdi Ol ahy-perýadym. 2 Samuel 22:5-7
- Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen, häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men. Zebur 5:3
- Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady, ony ýigrenç saýmady, Öz ýüzüni ondan kese sowmady, gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi. Zebur 22:24
- Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda». Zebur 50:15
- Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi. Zebur 55:17
- Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela Zebur 62:8
- Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim. Zebur 63:1
- Eger ýüregimde günä bolsady, onda Taňry maňa gulak goýmazdy. Emma Hudaý meni eşitdi, dogamyň sözlerine Ol dykgat berdi. Zebur 66:18,19
- Sebäbi Reb Siýony gaýtadan gurar, şan-şöhratynda Ol peýda bolar. Zebur 102:17
- Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady. Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, wepaly söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi. Zebur 106:44, 45
- Rebbi söýýärin, çünki Ol eşitdi sesimi, dat-perýadymy. Ol maňa gulak goýandygy sebäpli, Ony çagyraryn men ömürboýy. Zebur 116:1,2
- Onuň düzgünlerini saklaýanlar, tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr! Zebur 119:2
- Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen. Zebur 119:10
- Eý, Siýonyň—Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer. Işaýa 30:19
- Ysraýylyň Mukaddesi, ony ýaradan Reb şeýle diýýär: «Ogullarymyň geljegi hakda Meni sorag edýäňizmi? Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa? Işaýa 45:11
- Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň. Işaýa 55:6
- Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň. Işaýa 64:7
- Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin. Işaýa 65:24
- Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Ýermeýa 29:13
- „Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“. Ýermeýa 33:3
- Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Ýermeýanyň agysy 2:19
- Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň. נ Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň. נ Ýermeýanyň agysy 3:40, 41
- Reb heniz hem aýdýar: agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň. Joel 2:12
- Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. Mattanyň Hoş Habary 6:5
- Emma sen doga edeniňde, öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer. Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. Mattanyň Hoş Habary 6:6,7
- Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Mattanyň Hoş Habary 7:7
- Bu hili jynlary doga we orazadan başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir». Mattanyň Hoş Habary 17:21
- Size dogrusyny aýdýaryn, ýer ýüzünde daňan zadyňyz Gökde-de daňylgy bolar. Ýer ýüzünde çözen zadyňyz Gökde-de çözülgi bolar. Ýene size aýdýaryn, eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalaşsa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer. Çünki iki ýa üç adam Meniň adymdan haýsy ýerde üýşüşse, Men-de şol ýerde, olaryň arasynda bolaryn». Rehimsiz hyzmatkär Mattanyň Hoş Habary 18:18, 19, 20
- Isa şeýle jogap berdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edileni etmek bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl" diýseňiz-de, bu bolar. Iman edip, doga bilen her näme dileseňiz, alarsyňyz». Isanyň ygtyýary Mattanyň Hoş Habary 21:21B, 22
- Biraz öňe gidip, ýüzin ýatdy-da: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga etdi. Mattanyň Hoş Habary 26:39
- Munuň üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman ediň, ol size berler. Markusyň Hoş Habary 11:24
- Size diýýärin, diläň, size berler. Agtaryň, taparsyňyz. Gapyny kakyň, size açylar. Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana gapy açylar. Lukanyň Hoş Habary 11:9, 10
- Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi. Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber». Lukanyň Hoş Habary 22:31,32
- Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin. Mukaddes Ruh wadasy Ýahýanyň Hoş Habary 14:13, 14
- Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter. Ýahýanyň Hoş Habary 15:7
- Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna Ol ony size berer. Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar. Ýahýanyň Hoş Habary 16:23, 24
- Hudaýyň wadasyna imansyzlyk bilen şübhelenmän, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyryp imanda güýjedi. Onuň beren wadasyny ýerine ýetirmegi başarýanlygyna doly ynandy. Pawlusyň Rimlilere haty 4:20, 21
- Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder. Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir. Pawlusyň Rimlilere haty 8:26,27
- Bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan has ýokary zatlary etmegi başarýan Hudaýa, Efeslilere haty 3:20
- Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň. Efeslilere haty 6:18
- Dyngysyz doga ediň. 1 Selaniklilere haty 5:17
- Erkekleriň gaharlanyp jedelleşmän, her ýerde mukaddes eller galdyryp doga etmegini isleýärin. 1 Timoteosa haty 2:8
- Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň. Ýewreýlere haty 4:16
- Ýewreýlere haty 7:25
- Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir. Ýewreýlere haty 11:6
- Ýakubyň haty 1:6, 7
- mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler. Ýakubyň haty 4:8
- mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 3:22
- Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 5:14,15