öwgi
- Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýdiler. Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlara, mowaplara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 20:21,22
- Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer». Nehemýa 8:10
- Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar. ב Zebur 34:1
- Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar; Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin». Zebur 50:23
- Saňa bolan alkyş düşmez dilimden, uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan. Zebur 71:8
- Men bolsa hemişe umyt baglaryn, Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn. Zebur 71:14
- Şatlyk şowhunyny bilýän halk nähili bagtly! Ýa Reb, olar Seniň ýüzüňiň nurunda gezýär! Zebur 89:15
- Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak! Zebur 92:1
- Reb höküm sürýär: goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin. Zebur 97:1
- Eý, dogrular, Rebde şatlanyň, mukaddes adyna şükürler ediň. Zebur 97:12
- Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň. Rebbe şatlyk bilen siz gulluk ediň, nagma aýdyp, Onuň gaşyna baryň. Zebur 100:1,2
- Men wepalylyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn. Zebur 101:1
- Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm, mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma. Zebur 103:1,2
- Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun! Zebur 113:3
- Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň! Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, kinorda Oňa mukamlar çalsyn! Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär. Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar. Zebur 149:1,3-5
- Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň! Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň, Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň! Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we kinorda şöhratlandyryň! Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň! Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň! Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun! Zebur 150
- Gije ýaryma golaýlanda, Pawlus bilen Silas doga edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi. Resullaryň Işleri 16:25
- Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň. Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür edip, Är-aýal gatnaşygy Efeslilere haty 5:19,20
- Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur. 1 Selaniklilere haty 5:18
- Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň. Ýewreýlere haty 13:15
- Ýahýa gelen ylham 19:5