Talaplar
- Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi. Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar. Gelip çykyş 2:21-24
- Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi. Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy. Gelip çykyş 4:1, 25
- Reb Ybramyň aýaly Sare sebäpli fyrown we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi. Şonda fyrown Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Sareniň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň? Gelip çykyş 12:17-18
- Ybramyň aýaly Sare oňa çaga dogrup bermedi. Sareniň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy. Bir gün Sare Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Sareniň sözüne gulak asdy. Şeýdip, Sare müsürli çorusy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.) Gelip çykyş 16:1-3
- Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy. Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary bir çene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi. Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi. Gelip çykyş 18:10-12
- Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi. Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin Reb ony öldürdi. Gelip çykyş 38:9-10
- Zyna etme. Müsürden çykyş 20:14
- Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme». Müsürden çykyş 20:17
- Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme. Leviticus 18:8, 20
- Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin. Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de, nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. Leviticus 20:10, 13
- Olar jelebe, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki olar Hudaýa mukaddesdirler. Leviticus 21:7
- Ol boý gyza öýlensin. Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da jelep aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“». Leviticus 21:13-14
- Aýal öz äriniň ygtyýaryndaka ters ýola düşüp, özüniň günälidigine müňkür bolan ýagdaýynda kanun şudur. Ýa-da äri was-was keseline uçrap, aýalyna müňkürlik edip başlasa, onda ol aýalyny Rebbiň huzuryna getirsin we ruhany aýal babatda bu kanuny ulansyn. Numbers 5:29-30
- «Bir adam bir gyza öýlenip, oňa ýanaşandan soň, ony halaman, gyzy günäkärläp: „Men bu gyza öýlendim, ýöne onuň ýanyna girenimde, bu gyz çykmady“ diýip, oňa töhmet atsa, gyzyň ata-enesi onuň päkligi hakyndaky subutnamany äkidip, derwezäniň agzynda galanyň ýaşulularyna görkezsin. Gyzyň atasy ýaşululara: „Men gyzymy bu adama durmuşa çykardym, emma ol meniň gyzymy halaman, ‘Bu gyz çykmady’ diýip, nähak günäkärledi. Emma gyzymyň päkligini görkezýän subutnama, ynha, şu ýerde“ diýsin. Soňra olar bu subutnama matany galanyň ýaşulularynyň öňünde ýazyp görkezsinler. Kanun taglymaty 22:13-17
- «Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin. Kanun taglymaty 24:1
- Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi 2 Samuel 12:24
- Emma Abyýa barha güýçlendi. Ol on dört aýal alyp, ýigrimi iki ogluň, on alty gyzyň kakasy boldy. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 13:21
- Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda Zebur 128:3
- Bulagyň suwlary ak pataly bolsun, ýaşlykda öýleneniňe guwan. Ol bir söýgüli sugun, näzik maral ýalydyr, onuň göwüsleri seni gandyrsyn. Mydama keýpli joş. Süleýmanyň pähimleri 5:18-19
- Ýakynynyň aýalynyň ýanyna giren hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz. Süleýmanyň pähimleri 6:29
- Zyna edýän adam kemakyldyr; ol öz janyny heläk edýär. Süleýmanyň pähimleri 6:32
- Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr. Süleýmanyň pähimleri 18:22
- Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir. Süleýmanyň pähimleri 19:14
- Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir. Süleýmanyň pähimleri 21:9
- Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur. Wagyz kitaby 9:9
- Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni. Song of Solomon 1:2
- Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen. Song of Solomon 2:6
- Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň. Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň. Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir! Song of Solomon 4:5,9,10
- Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär. Işaýa 54:1
- Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Reb aýdýar, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siýona getirerin. Ýermeýa 3:14
- «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zynagärlik edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler. Ezekiýel 16:36-37
- Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa aýtdy: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ondan nikasyz çagalar bolsun. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär Hosea 1:2
- Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlugy, teninden azgynlygy aýyrsyn. Hosea 2:2
- Şeýle hem, „Kim aýalyny goýberse, oňa talak hatyny bersin" diýlendir. Men welin size diýýärin, zynadan başga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir». Ant içmek Mattanyň Hoş Habary 5:31-32
- „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar" diýenini siz okamadyňyzmy? Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn». Mattanyň Hoş Habary 19:5-6
- Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar. Mattanyň Hoş Habary 19:29
- Mugallym, Musa: „Eger bir adamyň zürýady bolman ölse, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir" diýipdir. Ölüler direlenlerinde öýlenmän, äre çykman, Hudaýyň Gökdäki perişdeleri ýaly bolarlar. Mattanyň Hoş Habary 22:24, 30
- Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Musa bu tabşyrygy siziň doňýürekdiňiz zerarly ýazdy. Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy". Şonuň üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna goşular. Onsoň ikisi bir ten bolar". Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn». Markusyň Hoş Habary 10:4-9
- Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi. Isa çagalara ak pata berýär Markusyň Hoş Habary 10:12
- Aşer taýpasyndan bolan Fanuiliň welilik edýän gyzy Anna-da şol ýerdedi. Onuň ýaşy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşap, Lukanyň Hoş Habary 2:36
- Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme, ol senden has gadyrly birini hem çagyran bolaýmasyn. Lukanyň Hoş Habary 14:8
- Adamlar Nuhuň gämä münen gününe deňeç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Soň tupan turup, hemmesini dargatdy. Lukanyň Hoş Habary 17:27
- Isa dikelende, aýaldan başga hiç kimi görmänsoň oňa: «Naçar, ýaňkylar hany? Saňa hiç kim jeza bermedimi?» diýdi. Aýal: «Eý Aga, hiç kim» diýdi. Isa: «Onda, saňa Men hem jeza bermeýärin, gidiber, ýöne indi günä iş etme» diýdi. Hak güwälik Ýahýanyň Hoş Habary 8:10-11
- Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar. Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir. Pawlusyň Rimlilere haty 7:2,3
- Siziň araňyzda butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlygyň barlygy eşidilýär: biri öz atasynyň aýalyny alanmyş. Siz bolsa bu işi eden araňyzdan aýrylar ýaly, ýas tutman, gaýtam, gabarýarsyňyz. 1 Korintoslylara haty 5:1, 2
- Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar. 1 Korintoslylara haty 6:9-10
- Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň. 1 Korintoslylara haty 6:18-20
- Indi siziň ýazan zatlaryňyz hakda: bir adama aýala el degirmezlik ýagşydyr. Ýöne ahlaksyzlykdan saklanmak üçin, her kişiniň öz aýaly we her aýalyň öz äri bolsun. 1 Korintoslylara haty 7:1, 2
- Är aýalyna, şeýle hem aýal ärine mähribanlyk borjuny berjaý etsin. Aýalyň öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriňkidir we şonuň ýaly, äriň-de öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalyňkydyr. Diňe oraza we doga bilen meşgul bolar ýaly, ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň. Wagtlaýyn aýrylsaňyz-da, şeýtan nebsiňize buýurmak babatda sizi synaga salmaz ýaly, ýene-de birleşiň. 1 Korintoslylara haty 7:3-5
- Emma öýlenmediklere, dul hatynlara, meniň ýaly galsalar, olar üçin ýagşydyr diýýärin. Nebislerine buýrup bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler, sebäbi öýlenmek yşk oduna ýanmakdan gowudyr. Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb: «Aýal ärinden aýrylmasyn» diýip, buýruk beripdir. Eger-de aýrylan bolsa, ärsiz galsyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn. Är-de aýalynyň talagyny bermesin. 1 Korintoslylara haty 7:8-11
- Çünki iman etmedik är imanly aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmedik aýal hem imanly är arkaly mukaddes edilendir, ýogsa, çagalaryňyz hapa bolardy, ýöne häzir mukaddesdir. 1 Korintoslylara haty 7:14
- Men siziň gaýgysyz bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbi hoşnut etjek bolup, Onuň işleriniň aladasyny edýändir. Ýöne öýlenen aýalyny hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir.Ärli aýal bilen gyzyň arasynda-da parh bardyr. Ärsiz aýal hem tende, hem-de ruhda mukaddes bolar ýaly, Rebbiň işleriniň aladasyny edýändir, ýöne ärli aýal ärini hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir. 1 Korintoslylara haty 7:32-34
- Aýal, äri ölýänçä, oňa baglydyr. Eger-de äri ölse, öz islänine barmaga azatdyr, ýöne Rebde bolmalydyr. 1 Korintoslylara haty 7:39
- Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar? 2 Korintoslylara haty 6:14
- Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn. Galatýalylara haty 5:19-21
- Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir. Efeslilere haty 5:3
- Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr. Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun. Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň. Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin, ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi. Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys. «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar». Bu syr uly, ýöne men Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin. Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn. Efeslilere haty 5:22-33
- Şonuň üçin ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň. Koloselilere haty 3:5
- Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz, her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de, öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir. 1 Selaniklilere haty 4:3-5
- Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri, hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer, öwretmäge ukyply, Hyzmatçylar diňe bir aýalyň äri, çagalaryny, öz öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsun. 1 Timoteosa haty 3:2, 12
- Kim müýnsüz, diňe bir aýalyň äri bolsa, iman eden, edepsizlikde aýyplanmadyk bolsa, terbiýeli çagalary bar bolsa, şony belle. Titusa haty 1:6
- Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder. Ýewreýlere haty 13:4
- Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň. Dogrulyk üçin görgi Petrusyň birinji haty 3:7
- Ýahýa gelen ylham 2:20
- Ýahýa gelen ylham 9:21
- Ýahýa gelen ylham 19:2