Talaplar


  • Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek». Gelip çykyş 13:17
  • Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Saňa beren wadamy ýerine ýetirýänçäm, Men seni terk etmerin». Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi. Gelip çykyş 28:15
  • «Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin. Müsürden çykyş 23:20
  • Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi. Müsürden çykyş 32:34
  • Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi. Müsürden çykyş 33:14
  • «„Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz. Leviticus 25:23
  • Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Perat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar. Kanun taglymaty 11:24
  • Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem bereketli bolarsyňyz. Kanun taglymaty 28:6
  • Ol meni rahatlyk meýdanyna çykardy, Meni azat etdi, çünki Ol menden göwnühoşdy. 2 Samuel 22:20
  • Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. Zebur 2:8
  • Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga. Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi. Diýdi: «Saýlap seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň». Zebur 105:13-15
  • Olar görgi içinde Rebbe dat-perýat etdi, Ol hem muşakgatlaryndan halas eýledi. Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi. Zebur 107:6, 7
  • Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi. Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary hem köşeşdi. Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi. Zebur 107:28-30
  • Şindiden asyrlarboýy, Reb gorar girişiňi hem çykyşyňy. Zebur 121:8
  • Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam, hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär. Zebur 139:9, 10
  • Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz Işaýa 30:21
  • Men öňüňden gidip, daglary tekizlärin, bürünç gapylary kül ederin, demir kiltlerini döwerin. Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin. Işaýa 45:2, 3
  • Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“». Ezekiýel 11:16
  • Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Mattanyň Hoş Habary 7:7
  • Ybraýym iman arkaly miras alan ýurduna gitmäge çagyrylanda, bu söze gulak asyp, nirä barýanyny bilmän ýola düşdi. Ýewreýlere haty 11:8