Iblise garşy durmak
- Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler. Işaýa 59:19
- Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi. Mattanyň Hoş Habary 10:1
- Gögüň Patyşalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyň Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyň Gökde açyk bolar». Mattanyň Hoş Habary 16:19
- Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seredip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýip, Petrusa käýedi. Markusyň Hoş Habary 8:33
- Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip, Lukanyň Hoş Habary 9:1
- Ol ýetmiş şägirt şatlyk bilen öwrülip: «Ýa Reb! Seniň adyňy agzanymyzda, jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler. Lukanyň Hoş Habary 10:17
- Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez. Lukanyň Hoş Habary 10:19
- Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris. 2 Korintoslylara haty 10:4,5
- Iblise ýol bermäň. Efeslilere haty 4:27
- Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Efeslilere haty 6:10, 11
- Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir. Dünýädäki doganlaryňyza-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa garşy imanda berk duruň. Petrusyň birinji haty 5:8,9
- Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de, Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin aýan boldy. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 3:8
- Eý balalar, siz Hudaýdansyňyz, ýalan pygamberleri ýeňensiňiz, çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:4