Kanunylyklar
- Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de, nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. Leviticus 20:13
- Sebäbi Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby Gökden aýan bolýandyr. Hudaýyň gahar-gazaby Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir. Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär. Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy. Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular. Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler. Şonuň üçin, tenleri öz aralarynda betnam bolsun diýip, Hudaý olary ýürekleriniň haram keýpi içinde pislige tabşyrdy. Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn. Şu sebäpden Hudaý olary wejera hyjuwlara tabşyrdy, çünki olaryň aýallary hem teniň tebigy ulanylyşyny tebigy däl ulanyşa öwürdiler. Şonuň ýaly-da, erkekleri aýalyň tebigy ulanylyşyny terk edip, hyjuwlarynda biri-birleri bilen gyzyklandylar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynçylyklaryna laýyk haklaryny hem aldylar. Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýişi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady. Pawlusyň Rimlilere haty 1:18-28
- Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar. Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz. Ahlaksyzlykdan gaçyň 1 Korintoslylara haty 6:9-11
- Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň. Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň. Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň. Efeslilere haty 4:22-24
- Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir. Efeslilere haty 5:3
- Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder. Ýewreýlere haty 13:4