Kanunylyklar


  • Ine, milletler ýagyş damjasy kimin, terezilerdäki toz kimin saýylýar, Ol adalary toz deýin äkidýär Işaýa 40:15,17
  • Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş, dawagäriň seni kaza, kazy hem seni garawula berip, zyndana salaýmasyn. Saňa dogrusyny aýdýaryn, iň soňky köpügi töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň». Zyna we talak Mattanyň Hoş Habary 5:25-26
  • Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz. Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler. Mattanyň Hoş Habary 10:18,19
  • Kapernauma gelenlerinde iki drahma ýygnaýanlar Petrusa gelip: «Siziň Mugallymyňyz iki drahma bermeýärmi?» diýdiler. Petrus: «Hawa, berýär» diýdi. Öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» diýdi. Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa şeýle diýdi: «Onda, ogullar erkindir. Ýöne olary büdretmezlik üçin köle git-de, çeňňek taşla. Oňa ilkinji ilen balygy alyp, agzyny açsaň, bir teňňä gözüň düşer. Ony al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem olara ber». Mattanyň Hoş Habary 17:24-27
  • Indi bize aýt, Sen näme diýýärsiň, kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi?» Isa olaryň ýaman niýetlerini bilip diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý ikiýüzlüler? Maňa salgyt puluny görkeziň». Olar hem Oňa bir dinar getirdiler. Isa olara: «Şu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Kaýsaryňky» diýdiler. Şonda Isa olara: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Mattanyň Hoş Habary 22:17-21
  • Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy. Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy. Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherlerine gitdiler. Ýusup-da Dawudyň öýünden we neslinden bolansoň, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra şäherinden ýola düşüp, Dawudyň Ýahudadaky Beýtullaham diýen şäherine gitdi. Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady. Lukanyň Hoş Habary 2:1-5
  • Pilatus Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmeýärsiňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bilýärsiňmi?» diýdi. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Saňa ýokardan berilmedik bolsa, Maňa hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin-de, Meni seniň eliňe bereniň günäsi has-da uludyr». Ýahýanyň Hoş Habary 19:10,11
  • Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun, çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr. Munuň üçin kim häkimiýete garşy bolýan bolsa, Hudaýyň guranyna garşy bolýandyr, garşy bolýanlar özlerini höküm edýändir. Çünki başlyklar ýagşy iş edýän üçin däl-de, ýaman iş edýän üçin gorkunçdyr. Häkimiýetden gorkmazlyk isleýärsiňmi? Onda ýagşy iş et, ol seni taryplar. Sebäbi başlyk seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, onda gork, çünki ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Sebäbi ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýamanlyk edenden jeza berip, öç alýandyr. Şonuň üçin diňe jeza zerarly däl-de, ynsap sebäpli hem häkimiýetlere tabyn bolmak zerurdyr. Siz salgytlary hem munuň üçin töleýärsiňiz. Olar mydama şu iş bilen meşguldygy sebäpli Hudaýyň hyzmatkäridir. Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy; gümrük bolsa, gümrügi; gorky bolsa, gorkyny; hormat bolsa, hormaty. Biri-biriňizi söýüň Pawlusyň Rimlilere haty 13:1-7
  • Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň, sebäbi kim başgany söýýän bolsa, kanuny berjaý edýändir. Pawlusyň Rimlilere haty 13:8
  • Çünki maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy, garşy çykýanlar hem köp. 1 Korintoslylara haty 16:9
  • Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň. Ýolbaşçylara tabyn boluň Baş häkim bolany üçin patyşa bolsun, ýa onuň bet iş edýänleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edýänleri öwmäge iberen häkimleri bolsun, Rebbiň hatyrasyna, bütin adamzat düzgünine tabyn boluň. Petrusyň birinji haty 2:12-14