Aýralyk


  • Bu uly daşa Mispa diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi. Gelip çykyş 31:49
  • Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi. 1 Şamuwel 1:27, 28
  • Tüm garaňky dereden geçäýemde-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn men, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, çopan taýagyň aram berýär janyma meniň. Zebur 23:4
  • Hatda ata-enem terk edäýse-de, Reb men barada alada eder. Zebur 27:10
  • Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir. ר Zebur 34:18
  • Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar. Zebur 147:3
  • Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler. Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de, ol ýigrenç bilen ret edilerdi. Gyzyň joralary Songs of Solomon 8:7
  • Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Ýahýanyň Hoş Habary 14:18
  • Meniň pikirimçe, şu wagtky görgüler bize aýan boljak geljekki şöhrat bilen deňeşdirer ýaly däl. Pawlusyň Rimlilere haty 8:18
  • Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym. Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn. Filipililere haty 3:7,8
  • Doganlar, beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmezligiňiz üçin, ölen imanlylar hakda siziň maglumatsyz bolmagyňyzy islemeýäris 1 Selaniklilere haty 4:13
  • Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir. Ýewreýlere haty 10:36
  • Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler. Petrusyň birinji haty 1:7