Ulumsylyk we ulumsylyk
- Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, Çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur. 1 Şamuwel 2:3
- Ysraýylyň patyşasy Benhadata şeýle jogap berdi: «Söweşe ugraýan söweşden üstün çykyp, yzyna dolanyp gelýän esger kimin öwünmeli däldir». 1 patyşalar 20:11
- Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir, akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir. Süleýmanyň pähimleri 11:2
- Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk. Süleýmanyň pähimleri 13:10
- Reb tekepbirleriň öýüni ýykýandyr, dul hatynyň çägini bolsa goraýandyr. Süleýmanyň pähimleri 15:25
- Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir. Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz. Süleýmanyň pähimleri 16:5
- Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir. Süleýmanyň pähimleri 16:18
- Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme alyp barýar. Süleýmanyň pähimleri 16:25
- Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär Süleýmanyň pähimleri 18:12
- Kiçigöwünliligiň, Rebden gorkmagyň sylagy – baýlyk, abraý we ýaşaýyşdyr. Süleýmanyň pähimleri 22:4
- Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr. Süleýmanyň pähimleri 29:23
- Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn. Muny Reb diýýär. Işaýa 66:2
- Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler». Kimleri nahara çagyrmaly Lukanyň Hoş Habary 14:11
- Şonuň üçin men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun. 1 Korintoslylara haty 10:12
- Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. Galatýalylara haty 5:22,23
- Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem, kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň. Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin. Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Filipililere haty 2:3-5
- Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, göýä çüýşeden ýasalan bir deňiz bar ýalydy. Ortada, tagtyň dört tarapynda öňi hem arka tarapy gözlerden doly dört sany janly mahluk durdy. Ýakubyň haty 4:6
- Ýakubyň haty 4:10
- Siz ýaşlar hem, şonuň ýaly, ýaşululara tabyn boluň. Baryňyz biri-biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň, çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir. Hudaý sizi öz wagtynda beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes tutuň. Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr. Petrusyň birinji haty 5:5-7