Wise


  • Şerap biabraý edýändir, içgi dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr. Süleýmanyň pähimleri 20:1
  • Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar. Süleýmanyň pähimleri 28:13
  • Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem azat bolarsyňyz. Ýahýanyň Hoş Habary 8:36
  • Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň. Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin. Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň. Pawlusyň Rimlilere haty 6:11-13
  • Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr. Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň. Pawlusyň Rimlilere haty 12:1,2
  • «Reb diýýär: Öz diriligimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder» diýip ýazylgydyr. Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer Pawlusyň Rimlilere haty 14:11,12
  • Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar. Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz. Ahlaksyzlykdan gaçyň 1 Korintoslylara haty 6:9-11
  • Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hiç zat maňa agalyk etmeli däldir. 1 Korintoslylara haty 6:12
  • Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? 1 Korintoslylara haty 6:19
  • Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar. Butlar we Rebbiň saçagy 1 Korintoslylara haty 10:13
  • içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn. ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. Galatýalylara haty 5:21,23
  • Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň. Efeslilere haty 5:18
  • Diňe suw içmän, aşgazanyň we ýygy-ýygydan bolýan nähoşlugyň üçin az-kem şerap iç 1 Timoteosa haty 5:23
  • ol tende galan wagtyny adam höwesine görä däl-de, Hudaý islegine görä ýaşamak üçin günäden el çekendir. Çünki ahlaksyzlykda, erbet höweslerde, serhoşlukda, aýşy-eşretde, içgi meýlislerinde we ýigrenji butparazlykda gezip, geçen wagtda milletleriň halaýan zatlaryny ýerine ýetireniňiz size ýeterlikdir. Olar özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size sögýärler. Olar dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa hasabat bererler. Çünki tende ynsanlara görä üstlerinden höküm çykarylmagy, ýöne ruhda Hudaýa görä ýaşamaklary üçin, Hoş Habar ölülere-de yglan edildi. Ähli zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň. Petrusyň birinji haty 4:2-7
  • Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 1:8,9