Batyrlyk we ynam


  • Zebur 119:46
  • Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr. Süleýmanyň pähimleri 29:25
  • Eý, Siýon, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň. Işaýa 40:9
  • Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher. Işaýa 50:4
  • Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň. Ýermeýa 1:7
  • Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme». Ezekiýel 3:9
  • Siz dünýäniň yşygysyňyz. Dagyň depesinde gurlan şäher gizlin galyp bilmez. Çyrany ýakyp-da, gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir. Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle bir parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, Gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar». Mukaddes Kanun Mattanyň Hoş Habary 5:14-16
  • Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar». Markusyň Hoş Habary 8:38
  • Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz». Resullaryň Işleri 1:8
  • Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler. Resullaryň Işleri 4:13
  • Petrusdyr resullar gaýtargy berip, şeýle diýdiler: «Adama garanda, Hudaýa boýun bolmak artykmaç bolmalydyr. Resullaryň Işleri 5:29
  • Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen ýehudylara we soňra greklere Hudaýyň gutulma güýjüdir. Pawlusyň Rimlilere haty 1:16
  • Ugrunda zynjyr bilen bagly bolup, ilçilik edýän Hoş Habarymyň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açanymda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň. Hoş Habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmegim üçin doga ediň. Salamlar Efeslilere haty 6:19, 20
  • eýsem Hudaýyň bizi mynasyp görüp, Hoş Habary tabşyranyna görä, biz adamlary däl-de, ýüregimizi synaýan Hudaýy hoşnut etjek bolup gepleýäris 1 Selaniklilere haty 2:4
  • Şoňa görä, Rebbimiz hakda güwälik etmäge, Onuň ugrunda bendi bolan maňa utanman, Hudaýyň beren kuwwaty bilen Hoş Habaryň ugrunda meniň bilen bile görgi gör. 2 Timoteosa haty 1:8
  • Bulary aýdyp, diňleýänlere doly ygtyýar bilen öwüt-ündew et hem-de käýe. Hiç kim seni äsgermezlik etmesin. Titusa haty 2:15
  • Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň. Ýolbaşçylara tabyn boluň Petrusyň birinji haty 2:12