Paýhas
- Ýehoşapat häkimlere şeýle diýdi: «Işiňize ünsli boluň! Çünki siz ynsanlaryň adyndan däl-de, Rebbiň adyndan höküm çykarýansyňyz. Reb höküm işinde siziň bilendir 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 19:6
- Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; Sen dogrula öňümdäki ýoluňy. Zebur 5:8
- Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär. כ Zebur 25:9
- Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym zerarly, meni düz ýodadan alyp git. Zebur 27:11
- «Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym. Zebur 32:8
- Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar. Zebur 37:23
- Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň. Zebur 73:24
- Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlerimi. Zebur 119:18
- Seniň sözüň – çyra aýaklaryma, ol – ýagtylyk meniň ýodama. Zebur 119:105
- Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär. Zebur 119:130
- Ertirlerine maňa duýdur wepaly söýgüňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn. Zebur 143:8
- Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret, çünki meniň Hudaýym Sensiň! Seniň ýagşy Ruhuň düz ýoldan meni äkitsin! Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna, gora Sen ýaşaýyşymy! Öz dogrulygyňyň hatyrasyna, muşakgatdan halas eýle janymy! Zebur 143:10, 11
- Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmeklik üçin: Akyldarlar bulary eşidip, bilimini has-da artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn. Süleýmanyň pähimleri 1:5
- hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünjä ýalbarsaň, şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň. Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr. Süleýmanyň pähimleri 2:3, 5, 6
- Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular. Süleýmanyň pähimleri 3:5,6
- Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda. Süleýmanyň pähimleri 6:22
- Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär. Süleýmanyň pähimleri 12:15
- Ýüregiň pikirleri ynsandan, ýöne diliň jogaby Rebdendir Süleýmanyň pähimleri 16:1
- Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et. Süleýmanyň pähimleri 19:20
- Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr. Süleýmanyň pähimleri 20:18
- Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr. Süleýmanyň pähimleri 24:6
- Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir. Süleýmanyň pähimleri 28:5
- Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar. Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar, görşüne görä höküm etmez Ol, eşidişine görä karar çykarmaz. Işaýa 11:2, 3
- Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin. Işaýa 42:16
- Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher. Işaýa 50:4
- Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz. Işaýa 58:11
- Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýermeýa 10:23
- Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr. Ýermeýa 31:9
- Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi. Danyýel 1:17
- Daş görnüşe görä höküm çykarman, adyllyk bilen höküm çykaryň». Isa Mesihmidir? Ýahýanyň Hoş Habary 7:24
- Bu üçünji gezek ýanyňyza barşymdyr. Her söz iki ýa üç güwäniň agzy bilen tassyklanar. 2 Korintoslylara haty 13:1
- Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin" diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň. Ýakubyň haty 3:17