Kynçylyklar


  • Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi. 1 patyşalar 17:16
  • Ol seni duzly dilden gorar, Gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň. Eýýup 5:21
  • Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, Bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär. Tagtynyň ýüzüni büreýär, Üstüni bulut bilen örtýär. Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, Suwlaryň ýüzüne serhet çekdi. Eýýup 26:8-10
  • Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda. Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Özüňi agtarýanlary Sen terk eden dälsiň. ז Zebur 9:9-10
  • Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar. Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe. כ Zebur 37:18,19
  • Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim. Zebur 37:25
  • Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy. Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär. Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da, Zebur 46:1-3
  • Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela Zebur 62:8
  • Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary. Zebur 89:9
  • Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym». Zebur 91:2
  • Emma ägirt suwlar sesinden, kuwwatly deňiz tolkunlaryndan, beýikdäki Reb has kuwwatlydyr. Zebur 93:4
  • Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy, gije yşyk bersin diýip – alawy. Dilediler, Ol bedene iberdi, gögüň çöregini bolelin berdi. Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy, ol çölüstanlykda derýa deý akdy. Zebur 105:39-41
  • Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary hem köşeşdi. Zebur 107:29
  • Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar. Işaýa 4:6
  • Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin, Işaýa 25:4
  • Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni. Işaýa 43:2
  • Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin Işaýa 44:3
  • Reb gowudyr, Betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr. Nahum 1:7
  • Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? Şoňa görä, „Näme iýeris?", „Näme içeris?", „Näme geýeris?" diýip, gaýgy etmäň. Mattanyň Hoş Habary 6:30, 31
  • Isa olara: «Eý, imany azlar, näme üçin gorkýarsyňyz?» diýdi. Ol turup, ýele, köle käýänsoň, imi-salalyk boldy. Hemmeler: «Bu nähili adam, ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýip geňirgenişdiler. Isa jynlary çykarýar Mattanyň Hoş Habary 8:26, 27
  • Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez. Lukanyň Hoş Habary 10:19
  • Mesihiň söýgüsinden bizi kim aýrar? Muşakgatmy, gaýgymy, azarmy, açlykmy, ýalaňaçlykmy, howpmy ýa gylyçmy? «Seniň ugruňda bizi her gün öldürýärler, bizi goýun hasaplaýarlar» diýip ýazylypdyr. Emma biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris. Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn. Pawlusyň Rimlilere haty 8:35-39
  • Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys. Biz çäresiz ýagdaýdadyrys, ýöne çykalgasyz däldiris. Kowalanýandyrys, ýöne terk edilen däldiris. Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris. 2 Korintoslylara haty 4:8,9
  • Ýahýa gelen ylham 12:6