Batyrlyk


  • Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi. Müsürden çykyş 14:13,14
  • «Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir. Kanun taglymaty 20:1
  • Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!» Kanun kitabyny unutmazlyk hakda Kanun taglymaty 31:8
  • Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi. Ýeşuwa 23:10
  • Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl. 1 Şamuwel 2:9
  • Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur». 1 Şamuwel 14:6
  • Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer». 1 Şamuwel 17:47
  • Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 32:7,8
  • Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy; meniň aýaklarym taýmady. Zebur 17:5
  • Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men. Zebur 26:1
  • Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr. Zebur 60:11
  • Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym. Zebur 62:5
  • Bagtlydyr Senden kuwwat alýanlar, kalbynda Siýona eltýän ýoly arzuwlaýanlar! Olar Agy-perýat jülgesinden geçende, ol ýer çeşmeler mekanyna öwrülýär, güýzki ýagyş ol ýere bereket berýär. Olaryň kuwwaty barha möwjeýär, Siýonda Hudaýyň huzurynda häzir bolarlar. Zebur 84:5, 7
  • Ol şum habardan gorkmaz, נ Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz. ס Onuň ýüregi mäkäm, ע ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer. פ Zebur 112:7,8
  • Ynsana bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy. Zebur 118:8
  • Ertirlerine maňa duýdur wepaly söýgüňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn. Zebur 143:8
  • Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular. Süleýmanyň pähimleri 3:5,6
  • Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz. Işaýa 30:15
  • Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Zakarýa 4:6
  • Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende galýan bolsa we Men kimde galýan bolsam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. Ýahýanyň Hoş Habary 15:5
  • Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 5:4